Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Musawi keselhanadan öý tussaglygyna dolanyp geldi


Eýranyň aktiwistleri geçen hepde keselhana düşen oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawiniň şenbe güni ýene oý tussaglygyna dolanyp gelendigini mälim etdiler.

Mir Husseýin Musawi we onuň aýaly 2011-nji ýylyň fewralyndan bäri öý tussaglygynda bolmagynda galýarlar.

Musawiniň maslahatçysy Ardeşir Arjomand oppozisiýa lideriniň geçen hepde Tähranyň keselhanasynda gan aýlanyşygynyň barlagdan geçirilendigini we häzirki wagt onuň saglyk ýagdaýynyň birneme gowulaşandygyny aýtdy.

2011-nji ýylyň başynda arap ýurtlaryndaky halk gozgalaňlaryny goldap, Eýranda demonstrasiýa geçirilmegine çagyryş edendikleri üçin ýurduň häkimiýetleri oppozisiýa liderleri Mir Husseýin Musawi bilen Mehdi Karrubini öý tussaglygyna alypdylar.
XS
SM
MD
LG