Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda pakistanly talybanlaryň bir lideri öldürildi


Owganystandaky koalision güýçleriň resmileri Kunar welaýatynda geçirilen howa hüjüminde talybanlaryň ýokary derejeli liderlerinden biri Molla Dadullahyň ölendigini tassykladylar.

Molla Dadullah pakistanly talybanlaryň liderlerinden biri hasaplanylýar.

Kunar welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Wasifullah Wasif bu welaýatyň Şaýgal etrabynda anna güni geçirilen bu howa hüjüminde Molla Dadullah bilen birlikde ýene 11 sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG