Sepleriň elýeterliligi

Şeýle “duşmanlaryň” barka, dost nämä gerek?


Türkmenistanda täze partiýa ak pata berenler prezident Berdimuhamedowyň ägirt uly suratynyň astynda göwnihoş ýagdaýda ornaşdylar. Aşgabat, 21-nji awgust, 2012.

Türkmenistanda täze partiýa ak pata berenler prezident Berdimuhamedowyň ägirt uly suratynyň astynda göwnihoş ýagdaýda ornaşdylar. Aşgabat, 21-nji awgust, 2012.

Türkmenistanda diňe bir partiýanyň höküm sürýän döwürleri geçdi. Iň bolmanda, mundan beýläk sesler diňe bir partiýa berilmez.

Awgust aýynyň 21-de Aşgabatda geçirilen gurultaýda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasy “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna keminden saýlawlar gününde dürlilik hödürläp biler.

Emma gurultaýyň geçirilen zalynyň bezegleri göz öňüne alnanda welin, bu umydyň hem puja cykmagy mümkin diýen alada bar. Sebäbi, sol zalda täze partiýa ak pata berenler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly suratynyň astynda göwnihoş ýagdaýda ornaşyp otyrdylar.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy su ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň jübi parlamentiniň syýasy partiýalar barada tassyklan kararyna laýyklykda döredildi.

Beýle diýmek täze döredilen bu partiýa nobatdaky parlament saýlawlarynda prezidentiň ýolbaşçylyk edýän Demokratik partiýasy bilen “aňsat bolmadyk” bäsleşik bilen ýüzbe-ýüz bolar diýmekdir. Parlament saýlawlaryny 2013 - nji ýylda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda saýlawlaryň başdan aýaga galplaşdyrylýandygy göz öňüne tutulanda, bir jähtden bu bäsleşigiň Demokratik partiya üçin bähbitli bolmagy hem mümkin. Türkmenistanyň bir palatadan ybarat parlamentiniň häzirki deputatlarynyň ählisi Demokratik partiýanyň agzalary.

Şol bir wagtyň özünde-de, iň bolmanda saýlawlar barada aýdylanda, prezident Berdimuhamedow hiç zady sorag astynda galdyrmak islemeýär.

Eger ýadyňyzda bolsa, syýasy partiýalar baradaky kanun kabul edilenden bir aý soňra geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Berdimuhamedow öz partiýasyndan gatnaşan ähli dalaşgärleri “ýeňip”, prezidentlik wezipesine ikinji gezek saýlanypdy. Şol saýlawlara ses bermäge hukugy bolan ilatyň 96%-niň gatnaşyp, olaryň 97%-niň öz sesini Berdimuhamedowa berendigi aýdylypdy.

Saýlawlar boýunça geçirilen kampaniýalarda Berdimuhamedowyň bäsdeşleriniň halka ýüzlenip, prezidenti gaýtadan saýlamagy teklip edendikleri barada hem habarlar ýaýrapdy. Şeýle pikiri öňe sürenlerden birem prezidentlik üçin dalaş edýän ýurduň senagat we energetika boýunça ministridi.

Indi saýlawlardaky ýaryşlara Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, ondan başga-da täze döredilmegi mümkin Daýhanlar partiýasynyň-da gatnaşjakdygy göz öňüne alnanda, “Türkmen Arkadagy”, belkem, sesleriň 80-90% -ni alyp, öz wezipesine dolanmagy umyt edip biler.

Bu ýagdaýda başga näme diýjek – şeýle “duşmanlaryň” barka, dost nämä gerek?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG