Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: oppozisiýa “betbagtçylyga” alada bildirýär


Siriýanyň hökümet güýçleriniň bombalamalaryndan soň Homs şäheriniň ýaşaýyş kwartallaryndan biriniň görnüşi. Homs, 5-nji awgust, 2012.

Siriýanyň hökümet güýçleriniň bombalamalaryndan soň Homs şäheriniň ýaşaýyş kwartallaryndan biriniň görnüşi. Homs, 5-nji awgust, 2012.

Şenbe güni Siriýanyň oppozision Milli Geňeşi Birleşen Milletler Guramasyny we Arap Ligasyny Homs prowinsiýasyndaky “betbagtçylygyň” öňüni almaklyga çagyrdy.

Oppozision Milli Geňeşiň wekili Naji Taýyra Homs prowinsiýasynyň ýaşaýjylarynyň indi 80 günden gowrak wagt bäri hökümet güýçleri tarapyndan gabawda saklanýandygyny we ähli transport ýollarynyň-da baglanandygyny mälim etdi.

Siriýanyň Homs prowinsiýasy 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy halk gozgalaňlarynyň ilkinji başlanan ýeri hasaplanylýar.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda bu prowinsiýa hökümet güýçleri bilen oppozision ýaragly söweşijileriň arasyndaky aldym-berdimli söweşleriň meýdanyna öwrüldi.

Bu wakalaryň fonunda BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça täze bellenen wekili Lahdar Brahimi anna güni BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş ştabynda bu guramanyň Baş sekretary Ban Ki Mun bilen duşuşdy.

Lahdar Brahiminiň bu sapary onuň ýakynda Siriýa bilen baglanyşykly missiýany öz üstüne alaly bäri BMG-niň ofisine eden ilkinji sapary boldy.

Brahimi mundan ozal bu missiýany alyp baran Kofi Annanyň halkara jemgyýetçiliginden zerur derejede goldaw tapmandygy sebäpli öz wezipesine hötde gelip bilmändigini aýtdy.

Anna günki duşuşykda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Siriýadaky krizisiň öňyn çözülmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň Lahdar Brahimä arka durjakdygyny nygtady.

BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy Siriýadaky häzirki konfliktleriň barşynda 200 müňden gowrak adamyň bu ýurtdan goňşy ýurtlara bosup çykandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG