Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesueladaky partlamanyň pidalarynyň sany azyndan 39-a ýetdi


Wenesueladaky nebit arassalaýjy zawodda şenbe güni ýüz beren partlamada ölenleriň sany 39-a ýetdi. Ýöne bu sanyň hem heniz deslapky sandygy aýdylýar.

Wenesuelanyň wise-prezidenti Elias Jaua edil häzirki wagt bu wakada azyndan 39 adamyň ölendiginiň we 90 töweregi adamyň ýaralanandygynyň anyklanandygyny aýtdy.

Bu partlama Wenesuelanyň demirgazyk-günbatar regionyndaky Paraguana ýarym adasynda ýerleşýän iň uly nebit arassalaýjy zawodda ýüze çykdy.

Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez bu heläkçilik bilen baglanyşykly ýurtda üç gün matam gününi yglan etdi. Partlamanyň sebäplerini anyklamak boýunça häzir derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG