Sepleriň elýeterliligi

Aýa aýak basan astronawt Nil Armstrong 82 ýaşynda aradan çykdy


Adamzat taryhynda ilkinji bolup Aýa gonan amerikaly astronawt Nil Armstrong ýekşenbe güni 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Şu aýyň başynda ol ýürek operasiýasyny başdan geçiripdi.

“Apollon-11” kosmos gämisiniň komandiri Nil Armstrong 1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda taryhda ilkinji bolup Aýyň üstüne aýak basypdy. Ol şonda özüniň Aýyň üstünde äden ädimlerini “adam üçin kiçijik ädimler, emma adamzat üçin ägirt uly öňe böküşlik” diýip atlandyrypdy.

Şonda Nil Armstrong bilen amerikan astronoawty Edwin Oldrin Aýyň üstünde üç sagada golaý ýöräpdiler. 1969-njy ýyl bilen 1972-nji ýyl aralygynda jemi 12 sany amerikan astronawty Aýyň üstüne gondy.
XS
SM
MD
LG