Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” toparynyň iki aktiwisti Orsýeti terk etdi


Ýekşenbe güni Orsýetiň “Pussy Riot” topary bu toparyň iki sany aktiwistiniň özlerine abanýan howp sebäpli, ýurdy terk etmäge mejbur bolandygyny mälim etdi.

“Pussy Riot” toparynyň maglumatyna görä, bu iki aktiwist Orsýetiň polisiýasy tarapyndan soraga çekilmeginiň yzy bilen, ýurdy terk edipdir.

Şu hepdäniň başynda Orsýetiň polisiýasy “Pussy Riot” toparynyň ýene birnäçe agzasynyň işi boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim edipdi.

Ýakynda Moskwanyň sudy bu toparyň üç agzasyny “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” aýyplap, olaryň her birini iki ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG