Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Damaskyň golaýyndan 200 töweregi adamyň jesedi tapyldy


Ýekşenbe güni siriýaly aktiwistler Damask şäheriniň golaýyndaky Daraýa obasyndan azyndan 200 töweregi adamyň jesediniň tapylandygyny mälim etdiler.

Ýerli aktiwistler bu adamlaryň ýakyn aradan bilkastlaýyn atylyp öldürilendiklerini we olaryň arasynda aýal-gyzlaryň-da bardygyny aýdýarlar.

Olar bu işde hökümet güýçlerini aýyplaýarlar we bu obada öldürilen parahat ýaşaýjylaryň sanynyň azyndan 270 töweregidigini aýdýarlar.

Bu wakanyň fonunda Siriýanyň döwlet habar agentligi paýtagtyň etegindäki Daraýa obasyny terrorçylardan arassalamak işiniň “üstünlikli tamamlanandygy” barada maglumat ýaýratdy.

Ýöne bu resmi maglumatda parahat ýaşaýjylaryň pida bolandygy ýa bolmandygy barada gürrüň gozgalmaýar.
XS
SM
MD
LG