Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň senatory Eýrana garşy harby çäräni aradan aýyrmaýar


Liberman Eýrandan abanýan howp barada gürrüň edýär (I Bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:51 0:00
Ýekşenbe güni Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş edarasyna sapar eden amerikan senatory Josef Liberman Eýranyň ýadro ýaragyny döreden halatynda, onuň tutuş dünýä howp boljakdygyny belledi.

“Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň Eýranyň ýadro ýarag programmasy babatdaky häzirki pozisiýasyny men goldaýaryn. Biz diňe bir ABŞ tarapyndan däl, eýsem BMG-niň halkara agentlikleri tarapyndanam Eýranyň režiminiň ýadro ýaragyny döretmek ugrunda iş alyp barýandygy äşgär zat diýip hasaplaýarys. Şeýlelikde, eger Eýranyň bu işi başa barsa, bu tutuş regiona we tutuş dünýä howp salar” diýip, Josef Liberman nygtady.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna beren bu baradaky interwýusynda senator Josef Liberman Eýranyň döretjek ýadro ýaragy diňe bir Birleşen Ştatlar ýa Ysraýyl üçin howp bolman, eýsem tutuş arap dünýäsi we Ýewropa üçinem howp bolar diýen uly gorkynyň bardygyny aýtdy.

Eýran, öz gezeginde, ýadro ýarag meselesi barada bildirilýän aýyplamalary ret edip gelýär we özüniň ýadro programmasynyň diňe parahat maksatlara eýerýändigini aýdýar.

Liberman Eýrandan abanýan howp barada gürrüň edýär (II Bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:25 0:00

ABŞ-nyň senatory Josef Liberman Eýranyn eýýäm bäş sany kiçiräk atom ýaragyny ýasamaga ýeterlik ýadro ýangyjyny öndürendigi barada umumy bir garaýşyň bardygyny belledi.

Ol Eýrana garşy ulanylýan sanksiýalaryň onuň ýadro programmasyny kämilleşdirmeginiň öňüni alyp bilmedik halatynda, Birleşen Ştatlaryň we käbir beýleki döwletleriň Eýrana garşy has aýgytly hereketleri göz öňünde tutmaga mejbur bolmaklarynyň mümkindigini aýtdy.

“Şeýlelikde, diňe bir Birleşen Ştatlar we Ysraýyl däl, eýsem beýleki ýurtlaram iki sany wariant bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolarlar. Ýagny, biz gol gowşuryp oturyp, Eýranyň ýadro ýaragyna eýelik edýän ýurda öwrülmegine hem-de Ýakyn Gündogar regionynda ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmagyna ýol bermelimi ýa-da biz onuň bu programmasyny bökdemek ýa-da ony ýok etmek üçin harby herekete geçmelimi diýen wariant bilen ýüzbe-ýüz bolarys” diýip, senator Josef Liberman belledi.

Şol bir wagtyň özünde, käbir ekspertler we hatda razwedka gulluklaram Eýrana garşy ediljek nähilidir harby hüjümiň ony, barybir, ýadro ýaraglaryny döretmek mümkinçiliginden mahrum edip bilmejekdigini öňe sürýärler.

ABŞ-nyň senatory Josef Liberman bu mesele barada-da durup geçip, harby çäreler arkaly Eýranyň ýadro ýarag programmasyny uzak wagtlap togtatmak ýa-da bökdemek üçin mümkçinlikleriň bardygyny belledi. Ol şeýle bökdençliklerden soň, belki, geljekde bu ýurtda has demokratik we dostlukly režim bolar diýen umytlaryň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG