Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýiklik diňe heýkeller bilen ölçelýärmi?


Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadigärligi.
Magtymguly-Pyragynyň Aşgabatdaky ýadigärligi.
16-njy awgustda Aşgabatda geçirilen iş maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, döwletiň, medeniýetiň we jemgyýetiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady. Ol medeniýetiň ösdürilmegine ýeterlik derejede üns bermek arkaly, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini gazanyp boljakdygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy şol ediljek işlerden biri, ýagny Köpetdagyň alkymynda beýik akyldar şahyr Magtymguly-Pyraga guruljak gigant ýadygärlik barada graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nurberdi, resmi çeşmeleriň maglumatyna görä, Türkmenistanda, Köpetdagyň belent gerşiniň alnynda Magtymgulynyň ägirt uly ýadygärligini gurmak göz öňünde tutulýar. Siz belli bir döwürde heýkeltaraşlar hem suratkeşler bilen işleşdiňiz. Sungat eserleri bilen ýakyndan gyzyklanyp gelýäňiz. Siz şeýle ummasyz çykdajy harçlanjak ýadygärlik baradaky plana nähili garaýaňyz?

Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow. Awgust, 2012.
Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow. Awgust, 2012.
N.Nurmämmedow: Magtymgulyny şo taýda goýsalar, dünýäde birinji gezek şahsyýete degişli şonuň ýaly zat ediljek. Oňa nähili garaljak? Ol şahsyýetiň abraýyna boljakmy ýa tersine? Şol hormaty kim kesgitleýär?

Halkyň-a dili ýok. Halka-ha diýdirenoklar ony. Ony kesgitleýän döwlet ýolbaşçylary-da. Döwletem düşer ýaly bolmady. Öň-ä dünýewi döwletdi. O taýda esasy ugur dine garşy ateistler bolupdylar. İndi ýene-de dünýewi döwlet diýip, bulaşdyryp ýörler. Şonuň üçinem oňa selle geýdirdiler.

Azatlyk Radiosy: Biz Magtymgulynyň heýkeliniň görnüşine geçdik. Ýöne başky meselä dolansak, Magtymgulynyň gaty köp çykdajy talap edýän gigant heýkelini döretmek zeruryýeti nämeden gelip çykýarka?

N.Nurmämmedow: Şu gigantomaniýa diýlen zadyň özi gowulygy aňladýan zat däl. “Gigant” – äpetlik, “maniýa” – şol ugurda aklyň çaşan ýaly bolup ylgamaklykmy ýa bir şo äpetligiň üstünden özüňe abraý gazanmaklykmy, öz edýän işiňi mahabatlandyrmakmy, ýa öz döwrüňi öwmeklikmi, ýa şol öz edýän işiňi mahabatlandyryp, ýene-de geljekki döwürleri eýelemekmi, öz kürsiňden sypmazlykmy... Şoň ýaly zatlardan gigatomaniýa döreýärmikä diýýän.

Onsoňam, bir iş edilýän bolsa, kimedir-birine gerekdir diýilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol iş kime gerek? Meniň pikirmçe, bu ilki bilen şony ýasaýan adama gerek. Onsoňam, döwlete gerekdir-dä. Başgalar bilen-ä men gürleşip görýän welin, şol zadyň gerekdigine gol goýýan adama men-ä duşmadym.

Azatlyk Radiosy: Onda, sizing pikiriňizçe, Magtymguly häzirki syýasatyň pidasy bolýar-da, şeýlemi?

N.Nurmämmedow: Magtymgulyny bolmanda ulanýarlar. Magtymgulynyň abraýy bilen özlerine abraý gazanjak bolýarlar. Hakykat ýüzünde bu Magtymgulynyň aladasy dälmikä diýýän.

Pikir edip göreliň, şonuň ýalak uly, äpet ýadygärlik haýsam bolsa bir şahsyýete ýer ýüzünde gurlupmy? S.Nyýazow ýolbaşçy bolansoň, 60-70 metrlik belentligiň üstünden özüne 12 metrlik statuýa gurdurdy. Emma şol şoňa abraý getirdimi? Ol şonuň üsti bilen gülkä öwrüldä.

Indi şony munuň ýaly zatlardan daşdaky adama, ýeke bir öz döwrüniň däl, adamzat döwrüniň akyldary Magtymgula goýjak bolýarlar. Magtymguly şuň ýaly zady islärmidi? Meniň pikirimçe, islemezdi.

Azatlyk Radiosy: Biz Braziliýanyň paýtagty Rio-de-Žaneýroda Isa pygambere goýlan ýadygärligi bilýäris.

N.Nurmämmedow: Ol ýadygärlik şahsyýete goýlan ýadyrärlik däl, ol Hudaýa goýlan ýadygärlik diýen ýalyrak düşünje bar. Şonuň üçin, olar ýaly ýadygärlige kese göz bilen garamaýarlar. Emma bizde Magtymgulynyň ýadygärligi şol derejede goýulsa, bu gelşikli zat bolmazmyka diýýän. Şol ýadygärlige gyýa göz bilen garajaklaram köpeler, düşünmejeklerem köpeler.

Azatlyk Radiosy: Onda beýleki ýadygärlikler barada näme aýdyp bolar? Meselem, Mamaýew-Kurgan belelentligindäki ýa-da ABŞ-daky Azatlyk heýkeli?

N.Nurmämmedow: Nýu-Ýorkdaky ýadygärligi alaly. Şol ýadygärligiň öz taryhy bar. Şol ýadygärlik Fransiýa tarapyndan Birleşen Ştatlara öz garaşsyzlygy üçin, Angliýanyň garşysyna göreşýärkä berildi. Ol sowgat. Özem şol sowgat bir şahsyýet üçin däl, azatlygyň hatyrasyna, esasanam adam azatlygynyň hatyrasyna berildi. Onsoň şol alnan sowgady ödemeli. Amerika şony ödeýär hasap edýän. ABŞ şu wagt, meniň pikirimçe, azatlygyň, esasanam adam azatlygynyň bütin dünýe boýunça daýanjy, şol ugurda uly işler edýän döwlet.

Şonuň ýaly ýadygärlik goýaňda-da, soň onuň yzynda durmak gerek. Indi alaly, Mamaýew-Kurganda gurlan ýadygärligi. Ol örän uly, aldym-berdimli, Watan üçin döş gerlip, uruşdan üstün çykmaklygyň bir simwoly. Ol bütin halkyň batyrlygynyň, edermenliginiň simwoly. Onuň ýaly zat gursaň bolýar. Oňa gyýa göz bilen garajagam ýok. Oňa düşünjeklerem, ony goldajaklaram kän. Ol öz ýurdunyň wizit kartoçkasyna öwrülýär.

Azatlyk Radiosy: Eger-de Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary islese, şolar ýalyrak ýadygärlik gurup bolarmy? Türkmenistanda, meselem, Magtymgulydan başga?

N.Nurmämmedow: Elbetde, bizde türkmeniň taryhyna degişli ýadygärlige mynasyp zatlar kän. Meselem, Gökdepe urşy. Gökdepe urşunda türkmen halky örän ägirt uly ýurduň ýaragly güýçleriniň garşysyna mert durup, öz Watanyny gorap bildi. Bu taryhda känbir bolýan zadam däl. Ine, şu barada uludan-uly ýadygärlik goýsaňam bolar. Ýöne laýyk ýadygärlik goýsaňam bolar.

Men-ä islendik zat boýunça-da bir ölçegi ýatdan çykarmaly däl diýýän, aňly ölçegi. Bir laýygrak zatlar gurmalymyka diýýän. Şonuň ýaly zatlar Türkmenistanda kän. Türkmenistanyň başga ýerlerinde-de daşary ýurtly goşunlaryň garşysyna halkyň döş gerip söweşen ýerleri bar. Maryda, Garrygalada, Hywa tarapda. Ine, şo zatlara guruber sen – nähili ýadygärlik gursaň, islendik ýadygärlige mynasyp zat.

Ýöne bu ýerde men “Magtymguly şunuň ýaly uly ýadygärlige mynasyp däl” diýip biljek däl. Sebäbi, Magtymguly şahsyýet. Şu zady ýatdan çykarmaly däl. Magtymgula näçe ýadygärlik gursaňam az.

Azatlyk Radiosy: Magtymgulynyň şahsyýetini başgaça nähili ýollar bilen ebedileşdirip bolar?

N.Nurmämmedow: Magtymgulyny sylamaly, hormatlamaly. Magtymguly halkyň aňyna näçe köp siňse, şonça gowy. Magtymgulynyň kitaplaryny çykarmaly. Ine, şu iň gowy ýadygärlikmikä diýýän.

Azatlyk Radiosy: Ýeri gelende, Magtymgulynyň bar bolan, ýagny öň gurlan ýadygärliklerini-de ýatlap geçsek.

N.Nurmämmedow: Magtymgulynyň şu wagt Aşgabatda üç sany ýadygärliginiň bardygyny bilýän. Her hili geçirilýän çäreler bar, dürli-dürli. Emma Magtymgulynyň ýadygärligine şu wagt gül goýlanok.

Birwagtlar Magtymgulynyň ýekeje ýadygärligi bardy. Şo taýda ýylda birnäçe gezek ýazyjy-şahyrlar üýşüp, öz goşgularyny okaýardylar. Adamlaram şo taýa baryp, hezil edip diňleýärdiler. Şo taýda şonuň ýaly zatlar galdy indi.

Şol ýadygärlik barada ýene-de bir zat aýdasym gelýär. Şol ýadygärlik gurlanda, konkurs yglan edildi. Konkursyň ýeňijisi bolubam skulptor W. Popow, arhitektorlar W.Wysotin hem W. Kutumow üstün çykdylar. Onsoň şolara şol ýadygärligi goýmaklyk tabşyryldy.

Men Wladimir Wysotini tanaýan. Onuň bilen biraz işleşdimem. Bir gezek Wysotin şeýle diýdi. “Ýakynda otpuskada bolup, bir filosof halk bilen duşuşdym, lezzet aldym. Obalarda boldum. Türkmen halky filosof. Men şo pikirde galdym” diýdi.
XS
SM
MD
LG