Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 17 asuda ýaşaýjy hem 12 esger öldürildi


Owgan resmileriniň beren maglumatlaryna görä, 27-nji awgustda ýurtda kellesi kesilen 17 adamyň jesedi tapylypdyr.

Şeýle hem, 10 owgan esgeriniň we NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň iki esgeriniň ýaragly çaknyşyklarda heläk bolandyklary aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, başy kesilen jesetler ýurduň Helmand welaýatynda tapylypdyr. Öldürlenleriň arasynda iki zenanyň hem jesedi bar.

Şeýle hem Helmand welaýatynda bolan başga bir wakada, jeňçileriň barlag-gözegçilik nokadyna eden hüjümi netijesinde 10 owgan esgeriniň heläk bolandygy habar berildi.

Owgan resmileri “Talyban” hereketine bu hüjümi gurnamaga owgan esgerlerinden kabirleriniň ýardam berendigini aýdýarlar.

Bu wakadan soň bäş owgan esgeri ýitrim boldy.

NATO-nyň maglumatlarynda bolsa Owganystanyň Lagman welaýatynda owgan harbysynyň ýaranlyk güýçlerinden iki esgeri atyp öldürendigi habar berilýär.

Bu hüjümi amala aşyran owgan esgeriniň hem atylyp öldürilendigi NATO-nyň maglumatynda nygtalýar.
XS
SM
MD
LG