Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Damaskda harby dikuçar heläkçilige uçrady


Siriýanyň paýtagtynda harby dikuçar heläkçilige uçrady.

Siriýanyň döwlet telewideniýesinde bu waka tassyklandy, emma bu heläkçilik bilen bagly jikme-jik maglumat berilmedi.

Dikuçaryň pitneçiler tarapyndan oka tutulandygy barada maglumat beren Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän oppozision topar hökümet goşunlarynyň Damaskyň Joba raýonynda dikuçarlaryň ýardamy bilen pitneçilere garşy söweşi dowam etdirýändiklerini aýdýar.

Şeýle hem Siriýanyň oppozisiýasy Damaskyň golaýyndaky Daraýa regionynda hökümet goşunlarynyň gyrgynçylyga ýol berendiklerini aýdýar.

Pitneçileriň gözegçiliginde bolan Daraýany üç gün mundan ozal hökümet goşunlary basyp alypdy. Oppozisiýanyň çaklamagyna görä, bu regionda 300-den 600-e çenli adam öldürilen bolmagy ähtimal.

Siriýada hökümete degişli bolmadyk metbugatyň çäklendirilmegi sebäpli garaşsyz çeşmeler arkaly heläk bolanlaryň sanyny tassyklamak mümkin däl.
XS
SM
MD
LG