Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň dört ştatynda apy-tupan sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


ABŞ-nyň Luiziana, Mississippi, Alabama hem Florida ştatlarynda “Isaak” diýlip atlandyrylan tropiki apy-tupandan abanýan howp sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Floridada adatdan daşary ýagdaý geçen şenbe güni yglan edildi, beýleki 3 ştatda bolsa ýekşenbe güni adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklaryň işgärleri ýokary hüşgärlik ýagadaýyna getirildi.

Bu ştatlarda ýüzlerçe awia reýs ýatyryldy, gämi gatnawy hem wagtlaýyn togtadyldy.

“Isaak” diýlip atlandyrylan tropiki apy-tupanyň mundan beýläk hem güýjäp, 2-nji kategoriýa ýetjekdigi çaklanýar.

Hepdäniň sişenbe hem çarşenbe günleri tupanyň Florida hem Luiziana ştatlarynyň arasyna ýetmegine garaşylýar.

Bu tupanyň netijesinde Gaitide azyndan 6 adam heläk boldy, Kubany bolsa suw aldy.

Bu güyçli harasat bilen bagly ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň Floridanyň Tampa şäherinde hepdäniň duşenbe güni geçirilmegi planlaşdyrylan gurultaýy bir gün gaýra goýuldy.
XS
SM
MD
LG