Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň Sosial-demokratik partiýasyna hökümeti düzmek tabşyryldy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurduň Sosial-demokratik partiýasyna täze hökümeti düzmäge ygtyýarlyk berdi.

Geçen hepdede prezident Atambaýew gyrgyz hökümetini dargadypdy.

Indi, Gyrgyzystanyň kanunlaryna laýyklykda, Sosial-demokratik partiýasy 15 iş gününiň dowamynda hökümet koalisiýasyny düzmäge synanyşmaly.

Ýurduň parlamentiniň gurluşy sebäpli koalisiýanyň bäş partiýadan ybarat bolmagy talap edilýär.

Parlament koalisiýasyndan “Ata meken” hem “Ar namys” partiýalarynyň çykmagy öňki hökümetiň dargamagyna sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG