Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşystanda bolan partlamada üç adam ýaralandy


Demirgazyk Kawkazda ýerleşýän Inguşystanyň iň uly şäheri Nazranda 27-nji awgustda bolan partlamada üç adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Olaryň ählisi keselhana ýerleşdirildi.

Bazarda ýüze çykan bu partlamada ýaradar bolanlaryň biriniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär.

Bu waka bilen bagly derňew işleri geçirilýär.

Demirgazyk Kawkaz regionynda polisiýanyň “yslamçylar” diýlip güman edilýänlere garşy alyp barýan göreşi her ýyl onlarça adamyň ölümine sebäp bolýar.

Bu regionda iň durnuksyz diýlip Dagystan, Inguşystan, Çeçenistan hem Kabardino-Balkariýa hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG