Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: Ikinji syýasy partiýanyň döredilmegi “oýun” boldy


Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy, 21-nji awgust, Aşgabat.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurultaýy, 21-nji awgust, Aşgabat.

Geçen hepde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. 21-nji awgustda Aşgabatda geçirilen gurultaýda partiýanyň düzgünnamasy kabul edildi we Merkezi geňeşiniň başlygy saýlandy.

Türkmenistanda resmi taýdan ikinji syýasy partiýanyň döredilmegi dürli-dürli garaýyşlar bilen garşylandy. Bir tarapdan, bu demokratiýa tarap ädim diýlip häsiýetlendirilen bolsa, başga bir tarapdan, täze partiýanyň ýurduň syýasatynda möhüm rol oýnamajakdygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Halkara “IHS Global Insight” ykdysady ylmy-barlaglar merkeziniň spesialisti, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Lilit Geworgýan bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanda ýakynda döredilen telekeçiler we senagatçylar partiýasy barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Lilit, beýleki soraglara geçmezden ozal, Türkmenistanda ikinji partiýanyň döredilmegi baradaky habaryň sizde galdyran täsiri barada gürrüň berseňiz?

Lilit Geworgýan: Eger-de ýalňyşmaýan bolsam, Türkmenistanyň hökümeti mundan 1-1,5 ýyl töweregi wagt ozal ýurtda başga-da partiýalaryň döredilmeginiň mümkindigi barada dil ýarypdy. Meniň şahsy pikirime görä, partiýanyň döredilmegi üçin şunça wagtyň gerek bolmagy birneme geňräk.

Garaz, men muňa häkimiýetleriň başda durmagynda gurnalan bir syýasy oýun hökmünde garaýaryn. Täze döredilen ikinji partiýanyň ýurtda alnyp barylýan syýasatyň belli bir ugurlaryna garşy çykyp, oppozisiýada durmajagyny anyk aýdyp biljek. Şeýle-de bu partiýanyň esaslandyrylmagy bilen, Türkmenistanyň syýasy durmuşynda bir zat üýtgär diýip aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Lilit, ýaňy siz munuň “gurnalan syýasy oýundygyny” aýtdyňyz. Siz bu barada has anygrak gürrüň edip bilersiňizmi?

Halkara “IHS Global Insight” ykdysady ylmy-barlaglar merkeziniň spesialisti Lilit Geworgýan

Halkara “IHS Global Insight” ykdysady ylmy-barlaglar merkeziniň spesialisti Lilit Geworgýan

Lilit Geworgýan: “Syýasy oýun” diýmegimiň sebabi şu, ýagny häkimiýetler ikinji paritýany esaslandyrmak bilen, kommunistik döwürden galan birpartiýaly sistemany aradan aýyrmakçydyklaryny äşgär etjek boldular.

Resmiler Türkmenistanda indi döwebap, häzirki döwrüň talaplaryna gabat gelýän syýasy we ykdysady gurluşlaryň ornaşdyrylyp başlanýandygyny görkezjek bolýarlar. Iň esasy nygtalýan zat hem bularyň ählisiniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasynda edilýändigi aýdylýar.

Ýöne bu häkimiýetleriň “ýurtda başga pikirlere hem orun berilýär” diýmeklerine mümkinçilik döretmek üçin edildi. “Oýun” diýenimde hem men şuny göz öňünde tutdum.

Azatlyk Radiosy: Lilit, gürrüňini edýän syýasy partiýamyz ýurt garaşsyzlygyny alandan 20 ýyl töweregi soň döredildi. Herniçik-de bolsa, uzagyndan bu ýurdy demokratiýa getirip bilmezmi?

Lilit Geworgýan: Garaz, gepiň keltesi, ýurtda öňki syýasy sistema dowam edýär. Dogrymy aýtsam, bu partiýa esaslandyrylanda ýurdy demokratiýalaşdyraly diýen pikir bilen döredilendir diýip çak edemok. Sebäbi, ýaňky aýdyşym ýaly, bu häkimiýetleriň gurnan bir syýasy oýny boldy.

Bu partiýanyň döredilmeginiň ähmiýetini diňe bir usul bilen ölçese bolar, ol hem onuň ýurduň syýasy durmuşyna ýetirjek täsiridir. Meniň çakymça-da, şol täsir asla ýok diýerlik derejede pes bolar.

Türkmenistanda graždan jemgyýetiniň ýagdaýy, has dogrusy, onuň ýokdugy nazara alnanda, demokratiýa tarap ýoluň has uzyn we uzak boljakdygyny çaklaýaryn.

Ýöne, hawa, ähli zadyň üstünden atanak hem çekip bolmaz. Ikinji partiýanyň döredilmegi belli bir derejede käbir üýtgeşmelere sebäp bolup biler. Garaz, öňegidişlik taýdan seredilende, men bu hereketiň simwoliki tarapdan gowy işdigini aýdyp biljek.

Azatlyk Radiosy: Täze döredilen syýasy partiýa "telekeçileriň we senagatçylaryň partiýasy” diýlip atlandyrylýar. Telekeçiler diýlende aglaba orta synp, ýagny ýurduň syýasatyna belli bir derejede täsir etmeli adamlar göz öňüne gelýär. Ýagny, ýurduň alyp barýan syýasaty belli bir derejede şol adamlaryň girdejisine hem täsirini ýetirýär. Eger-de şu matlapdan seredilse, onda partiýa has aktiw hereket edip bilmezmi?

Lilit Geworgýan: Bu soraga jogap bermek üçin, geliň, Gazagystanyň ýagdaýyna seredip göreliň. Elbetde, bu iki ýurduň ýagdaýy biri-biriniňkiden tapawutly, ýöne ýurduň parlamentiniň düzümine giren ikinji partiýa hem telekeçileriň bähbitlerini araýan partiýady.

Ýagny, telekeçiniň bähbidi diýenimizde, biz kimi göz öňünde tutýandygymyzy seljermeli. Bu özbaşyna, bazaryň ähli töwekgelliklerini boýun alyp biznes edýän bir adammy ýa-da, tersine, ýurduň syýasatyna bil baglap iş alyp barýan hökümet telekeçisimi?

Biz biznes gatlagynyň bahbidini araýan bir partiýa diýenimizde, gaty habardar bolmaly. Sebäbi ol hakykatdan hem biznesmenleriň bähbitlerini nazara alyp, parahorlugyň aradan aýrylmagy, telekiçilige döredilýän şertleriň gowulandyrylmagy, býurokratiýanyň azaldylmagy ýaly meseleleri gozgap bilýän bir guramamy?

Ýöne partiýanyň düzümindäki telekeçiler şol bir wagtda hökümetiň kürsüsini eýeleýän bolsa ýa-da olaryň resmi häkimiýetler bilen haýsydyr bir ilteşigi bar bolsa, onda bu partiýanyň hakyky biznese ýetirip biljek oňaýly täsiri barada bir zat aýtmak kyn. Garaz, munuň oňaýly täsiri bolmaz hem diýip bolar. Belki-de, bu adamlaryň täze döredilen syýasy gurluşy ulanyp, özleriniň şahsy işleriniň gowulanmagy ugrunda hem hereket etmegi mümkin.

Bu partiýanyň sözüň doly manysynda bir syýasy güýç bolmagy üçin, Türkmenistanda we ýurduň syýasatynda juda köp zatlar üýtgemeli. Men munuň hatda 10 ýylda amala aşjakdygyna-da ynanamok, ýöne, belki-de, has köp wagtyň geçmegi bilen, bu hakyky syýasy partiýanyň döremegine esas bolup biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG