Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suw ‘krizisi’ ýiti, ýöne çykalga-da bar


Yragyň Basna şäherinde çagalar suw içýär.
Yragyň Basna şäherinde çagalar suw içýär.
Şu hepde, ýagny 26-31-nji awgust aralygynda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan kanunçykaryjylar we ekspertler ýygnanyp, gitdigiçe artyp barýan suw krizisi diýilýän mesele boýunça pikir alşarlar.

Bu meseläni nazara alyp, Azatlyk Radiosy ABŞ-ly žurnalist, “Uly teşnelik” atly meşhur kitabyň awtory Çarlz Fişman bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dünýäde edil energiýa ýa-da maliýe krizisleri ýaly suw krizisi hem bolarmy?

Çarlz Fişman: Meniň pikirimçe, bu ýagdaýy dünýäniň suw krisizi diýip atlandyrmak dogry bolmaz, bu energiýa ýa-da ykdysady krizislere meňzeş bir zat däl. Suw meseleleri ýerli ýa-da regional derejede dörär. Ýagny, suw kynçylyklary dünýäniň belli bir sebitindäki adamlara öz täsirini ýetirer.

ABŞ-ly žurnalist, “Uly teşnelik” atly meşhur kitabyň awtory Çarlz Fişman
ABŞ-ly žurnalist, “Uly teşnelik” atly meşhur kitabyň awtory Çarlz Fişman
Ýöne bu mesele nirede ýüze çyksa-da, ýagny bu Hindistanda, Hytaýda ýa-da Gündogar Ýewropa ýurtlarynda bolsun, adamlar özleriniň bu ugurdaky kynçylyklarynyň hötdesinden gelip bilerler. Mundan tapawutlylykda, ykdysady çökgünligiň döredýän meselelerini biziň hiç birimiz çözüp bilemeýäris. Biz şahsyýet hökmünde ahli zady bolmalysy ýaly etsek-de, ykdysady taýdan biziň ýagdaýymyz ýokardaky resmileriň kabul etjek kararlaryna bagly. Energiýa kynçylyklary hem şular ýaly.

Ýöne suw meselesi tapawutly. Ýagny, dünýäniň belli bir künjegindäki adamlar bu meselä ünsi çekip, “Bu biziň suwumyz. Bu biziň jemgyýetimiz. Geliň, indi bu meseläni çözeliň” diýip bilýärler.

Meniň hiç bir kynçylygy kiçeldip görkezesim gelenok, ýöne suwuň azlyk edýän ýerlerinde adamlar jogapkärçilikli çemeleşip, meseläniň çözgüdini tapyp bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Ýewropada ýüz beren gurakçylyk sebäpli 2008-nji ýylda Barselona gämiler bilen golaýdaky şäherlerden suw daşaldy. 2010-njy ýylda Hytaý ýurduň günorta-günbataryna suw daşamak üçin harbylary ulandy. Gündogar we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary soňky 60 ýylyň dowamyndaky iň erbet gurakçylygy başdan geçirýärler. Şeýle-de bu sebitlere entek görlüp-eşidilmedik derejede diýen ýaly sowuk gyş gelipdi. Dogrudanam, dünýäde suw azalýarmy?

Çarlz Fişman: Aýdyňlaşdyrmaly möhüm bir ýagdaý bar, dünýäde suw gutaranok. Dünýädäki suwuň derejesi üýtgänok. Ýöne biz jemgyýetlerimizi suwuň bol bolaýjak ýerlerinde gurmaly.

Howa şertleriniň üýtgemegi bilen, derýalaryň akymy peselýär, suw howdanlarynyň ýa-da ýagýan ýagyşlaryň derejesi edil öňküsi ýaly bolanok. Men şeýle krizisiň bardygyny boýun alýaryn. Ýöne muny dünýä krizisi diýip atlandyrmak adamlary jogapkärçilikden boşatmak bolar. Sorag başgaça goýulmaly, ýagny: “Biz nädip öňkä görä has az mukdardaky suw bilen ýaşamaly?”

Azatlyk Radiosy: 21-nji asyrda dünýäde ilatyň artmagy we Hytaý, Hindistan ýaly uly döwetleriň peýda bolmagy bilen, suwuň üstünde turup biljek uruşlar barada köp zat aýdyldy we ýazyldy. Siz bu çaklamalar bilen yalalşýarsyňyzmy?

Çarlz Fişman: Suwuň ýetmezçiligi bilen bagly dawalar häzirki döwürde-de bolýar, geljekde hem bolar. Eger-de mundan müň ýyl ozalky taryha nazar aýlasaňyz, onda suw sebäpli dörän hiç bir urşa duş gelmersiňiz.

Garaz, döwletler suw bilen bagly düşünişmezlikleri gepleşikleriň üsti bilen arkaýyn çözüp bilýärler. Bu beýleki dawaly meseleleriň hötdesinden gelmek üçin-de gowy nusga bolup biler.

Meniň pikirimçe, suw bilen bagly köp syýasy meseleler ýüze çykar. Ýöne men bir döwletiň beýleki bir ýurduň suwuny ele almak üçin harbylary, tanklary, uçarlary öňe sürüp, urşa başlajakdygyna ynanyp bilemok. Umuman aýdylanda, bu ýollar bilen suw meseleleri çözülenok.
XS
SM
MD
LG