Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak-türk nebit geçirijisinde partlama ýüze çykdy


Yrak resmileriniň beren maglumatlaryna görä, yrak-türk nebit geçirijisinde partlama ýüze çykyp, Turkiýä nebitiň akdyrylmagy togtadylypdyr.

Yragyň Nebit boýunça ministrliginiň metbugat wekili Assem Jihadyň aýtymagyna görä, Kirkukdan Jeýhana akdyrylýan nebitiň eksporty serhediň golaýynda edilen hüjümiň netijesinde togtadylypdyr.

Bu maglumaty Türkiýäniň howpsuzlyk gullugyndaky çeşme hem tassyklady.

Türk tarapy Yragyň golaýynda ýerleşýan Sirnak welaýatynyň Silopi we Sizre raýonlarynda duşenbe güni daňdan bolan partlamadan soň ýangynyň emele gelendigini habar berdi.

Ýangyna nämäniň sebäp bolandygyny belli bolmasa-da, kürt pitneçileriniň ýa-da nebit gaçakçylarynyň sabotaž etmekleriniň mümkindigi çaklandy.

Bu 970 kilometrlik nebit geçirijisi arkaly gününe 450-500 barrel nebit akdyrylýardy.
XS
SM
MD
LG