Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Timoşenkonyň suduň kararyna garşy eden şikaýatyna serediler


Çarşenbe güni, 29-njy awgustda Ukrainanyň Ýokary sudy wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanyp 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ýuliýa Timoşenkonyň şykaýatyna garar, diýlip maglumat berilýär.

Wiktor Ýanukowiçiň hökümeti Timoşenkonyň Orsýetden gazy satyn almak barada gol çeken ylalaşygynyň Ukrainanyň milli bähbitlerine çapraz gelýändigini aýdýar.

Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçylary bolsa, Orsýet gaz söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekmekligiň syýasy hereket bolup, onuň jenaýata ýatmaýandygyny subut etmäge synanyşýarlar.

2010-njy ýylda Ýanukowiç bilen bir hatarda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşan Timoşenko bolsa Wiktor Ýanikowiçiň aryny almak üçin özüni yzarlaýandygyny aýdýar.

51 ýaşly Ýuliýa Timoşenko maý aýyndan bäri keselhanada bejergi alýandygy sebäpli sud diňlenişigine gatnaşman gelýär.

Ýuliýa Timoşenko garşy ýene bir sud prosesi, ýagny salgyt galplyklary boýunça sud diňilenşigi 11-nji sentaýbrda geçirilip başlanmaly.

Ol 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kärhanasyna ýolbaşçylyk eden döwri, salgytdan millionlarça dollary saklap galmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG