Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda Twitter azat sözüň çäkleri bilen göreşýär


Myş-myşlar tiz ýaýraýar

Myş-myşlar tiz ýaýraýar

Haçan-da ekstremistler, sosial ulgamyndan peýdalanyp, müňlerçe adamyň howsala düşüp öýlerinden gaçmagyna sebäp bolýan myş-myşlary ýaýradanda, siz söz azatlygynyň çäklerini nädip kesgitlärsiňiz?

Şeýle-de, haçan-da sýyasy aktiwistler premýer-ministriň sosial ulgamyndaky sahypasyna girip, şonda ony masgaralaýan pikirleri ýerleşdirenlerinde, söz azatlygynyň degişli serhedini nirede diýip kesgitlärdiňiz?

Hindistan soňky hepdelerde şol soraglar bilen ýüzbe-ýüz. Dünýäniň iň uly demokratiýalarynyň biri hasaplanýan Hindistan häzirki döwürde dünýäniň iň gaty sesli halk megafony bolan Twitterden nähili baş alyp çykmaly diýen sorag bilen başagaý.

Mesele nirede?

Häzirki döwürde, iýul aýynyň ortasyndan bäri, iki bäsdeş jemgyýetiň arasynda sosial ulgamda dowam edýän çekeleşigiň doly gerimde mezhep çaknyşyklaryna öwrülmeginiň öňüni nädip alyp bolar diýen sorag iň derwaýys meselä öwrüldi.

Ekstremistler Twitteri tutuş Hindistanda iki tarapyň biri-birine hüjüm edýändikleri barada myş-myşlary ýaýratmak üçin ulanýarlar we şol aýyplamalaryň üstüni-de pida boldy diýilýänleriň galp suratlary bilen ýetirýärler.

Ol jemgyýetiň ikisi hem gelip çykyşy boýunça Hindistanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Assam welaýatyndan bolup, olar 1993-nji ýylda bolan ganly çaknyşykdan soň, ýurduň tutuş şäherlerine ýaýrapdylar.

Şol çaknyşykda ýerli Bodo taýpasy aradaky çekeleşikli diýlip hasaplanýan etrapdan hindistanly musulmanlary kowup çykarypdy. Şondan soň iki toparyň hem müňlerçe agzalary Hindistanyň beýleki böleklerine göçüp gitmäge mejbur bolupdylar.

Iýul aýynda Assamda iki toparyň arasyndaky dartgynlylyk täzeden ýaýrap, ol 80 adamyň ölmegine we 300 müňden gowrak adamyň obalaryny terk etmegine sebäp boldy.

Şol wakadan soň bu baradaky myş-myşlar Twitterde tizlik bilen ýaýrady. Onsoň Hindistanyň beýleki ýerlerinde ýaşaýan müňlerçe adamlar iki halkyň arasynda köpçülikleýin çaknyşyklaryň gaýtadan başlanmak howpundan alada galyp, ýaşaýan ýerlerini terk edip başladylar.

Çözgüt

Myş-myşlaryň hem-de gorkularyň gün saýyn artmagy netijesinde geçen hepde Hindistan hökümeti hat üsti bilen Twitterden gahar-gazaby möwjedýän sosial media ulanyjylaryň sahypalaryny petiklemegi haýyş etdi.

Şeýle-de 17-nji awgustdan başlap, hökümet bäşden köp adrese gönükdirilen sms hatlaryny ugratmagy gadagan etdi we 250 töweregi öjükdiriji mazmunly websahypalary hem petikledi.

Hindistanda 16 million abunasy bolan Twitter premýer-ministriň hatyna bada jogap bermänsoň, ”Täze Deli” Twitter sosial ulgamynyň ýurtda dolulygyna gadagan ediljekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Netijede tutuş Hindistanda adamlar demokratiýanyň iň kyn soraglarynyň biri bolan “senzura we söz azatlygynyň çägi” barada çekeleşip başladylar.

Delide ýerleşýän “Graždan jemgyýeti” merkeziniň ýolbaşçysy Part Şah etniki ýigrenji ýaýradýan websahypalaryň ýapylmagy baradaky hökümetiň talabyny köp adamlaryň goldaýandygyny aýdyp, şeyle diýdi: "Sosial medianyň elýeterliligi sebäpli bu gaty çalt bolup geçdi. Hindistanyň dürli künjeginde ýaşaýan assamly adamlar özleriniň janlaryna we emläklerine howp abanýandygyny derrew bildiler."

Emma 23-nji awgustda, çarşenbe güni, ýigrenç mazmunly alty websahypany Twitteriň petiklemäge razylyk bildirmegi bilen, ”Täze Deli” bilen Twitteriň arasyndaky garşylyklar gowşady.

Ýöne Twitter hökümetiň aladalary bilen ylalaşýandygyny aýdyp, bu barada çäre görüljekdigini, emma premýer-ministri masgaralaýan sahypalara garşy haýsydyr bir işleriň alnyp baryljakdygyny wada bermedi.

Şeýle hem kompaniýa "hakyky proseduralary" yzarlamaýandygy sebäpli Hindistanyň hökümetiniň hatyna irräk jogap berip bilmändigini aýtdy. Twitteriň ýaýradan habarynda mundan başga jikme-jik maglumat berlenok.
XS
SM
MD
LG