Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Damaskda dikuçar heläkçilige uçrady


Siriýada harby dikuçaryň urlandygy aýdylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00
Siriýada harby dikuçaryň urlandygy aýdylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00
Duşenbe güni Siriýanyň bir harby dikuçary heläkçilige uçrady. Ol paýtagt Damaskda hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşde urlup ýykylana meňzeýär.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi dikuçaryň heläkçilige uçrandygyny boýun alyp, onuň Damaskyň Gabun raýonynda bir metjidiň golaýyna gaçandygyny aýtsa-da, bu waka barada jikme-jik maglumat bermedi.

Dikuçaryň heläkçilige uçranyny Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän oppozision topar hem aýtdy. Bu topar hökümet goşunlary bilen gozgalaňçylaryň arasynda Damaskyň Joba raýonynda söweş barýandygyny we hökümet güýçleriniň harby dikuçarlar tarapyndan goldanylýandygyny ozal habar beripdi.

Oppozision söweşijiler dikuçary özleriniň urup ýykandyklaryny aýdýarlar.
Beýleki tarapdan bolsa, oppozisiýa Damaskyň eteginde ýerleşýän Daraýany üç gün mundan ozal elden berensoň, hökümet güýçlerini ol ýerde adamlary köpçülikleýin gyranlykda aýyplaýar.

Oppozisiýa tarapyndan öldürildi diýlip berilýän adamlaryň sany 300 bilen 600 aralygynda.

Aktiwistler tarapyndan ýaýradylan bir wideoýazgyda hatarlanyşyp ýatan jesetler görünýär. Bularyň köpüsi kellesinden gülle degen erkek adamlar.

Wideoýazgyny, şeýle hem ölenleriň sanyny garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl. Sebäbi hökümet tarapyndan girizilen berk çäklendirmeler zerarly garaşsyz media konfliktden habar berip bilenok.

Aktiwistler we ýerli ýaşaýjylar soňky wagtlarda režim tarapyndan rehimsizlik bilen zorluk ulanylýandygyny aýdýarlar. Aýdylyşyna görä, gozgalaňçy güýçleri dargatmak üçin nirä degýäni saýgarylman, köp ýerler hem howadan hem-de ýerden bombalanýar.

Siriýanyň döwlet mediasy prezident Başar al-Assada salgylanyp, onuň režiminiň "bahasyna seretmezden" söweşi dowam etdirjekdigini habar berdi. Assad ýekşenbe güni daşary ýurtlaryň Siriýanyň garşysyna gurnan "dildüwşügi başa barmaz" diýdi.

Siriýanyň esasy regional ýarany Eýranyň bir ýokary derejeli resmisi bilen Damaskda duşuşan Assad Siriýa halky "bu dildüwşügiň öz maksatlaryny amala aşyrmagyna ýol bermez" diýdi.

Siriýanyň lideri ilki halk protestlerinden başlanyp, indi hem graždanlyk urşuna ýazan bu gozgalaňy 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri zor bilen ýatyrmaga synanyşýar.

Adam hukuklary boýunça aktiwistler konfliktde azyndan 20 müň adamyň ölendigini aýdýarlar. Halkara resmileriniň aýtmagyna görä, 200 müň töweregi siriýaly goňşy ýurtlara gaçyp barypdyr. Ýurduň içinde horluk çekýänleriň sany hem 2.5 million diýip görkezilýär.
XS
SM
MD
LG