Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda prezidente garşy jihady yglan eden adam tussag edildi


Gyrgyzystanda bir adam ýurduň prezidenti Almazbek Atambaýewa garşy jihady, ýagny mukaddes yslam söweşini yglan etmekde aýyplanyp, tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça komitetiniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, şol adam geçen anna güni ele salnypdyr. Onuň şahsyýeti barada häzirlikçe hiç hili maglumat berlenok.

1990-njy ýylda doglan bu adam internetde “Prezident Almazbek Atambaýewa garşy jihada çagyryş” atly wideo beýanaty ýerleşdirenden soň, tussag edildi.

Gürrüňi gidýän ýazgyda Atambaýew şerigatyň kadalaryny bozmakda aýyplanýar.

Bu ýazgyny ýaýradana “jemgyýetde etniki we dini çydamsyzlygy döretmek” boýunça aýyplama bildirilýär.
XS
SM
MD
LG