Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşystanda ençeme söweşiji öldürildi we tussag edildi


Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasynda howpsuzlyk güýçleriniň sişenbe güni geçiren ýörite operasiýasynda, söweşijidigi öýdülýän üç adam öldürildi, başga-da azyndan ikisi tussag edildi.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, geçirilen operasiýa Sagopşi obasynda polisiýa işgäriniň jaýlanyşy mahaly amala aşyrylan bomba hüjümine ilteşigi bolan adamlary ele salmak üçin geçirilipdir.

19-njy awgustda amala aşyrylan şol partlamada polisiýanyň sekiz ofiseri ölüpdi, başga-da 15 töweregi adam ýaralanypdy.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG