Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda adam hukuklary boýunça aktiwist azat edildi


Gazagystanda adam hukuklary boýunça belli aktiwist Wadim Kuramşin suduň zalyndan azat adam hökmünde çykdy. Kuramşiniň üstünden sud diňlenşigi ýurduň günorta Taraz şäherinde geçirildi.

Kuramşin şu ýylyň ýanwar aýynda tussag edilip, oňa kezzaplykda, mejbur etmekde we wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplama bildirilipdi. Ol Gazagystanyň türmelerindäki tussaglaryň hak-hukuklary bilen bagly işleri alyp barýardy.

Kuramşiniň sişenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sud ony kezzaplyk we mejbur etmek aýyplamalary boýunça bigünä tapypdyr. Ýöne, suduň kararyna görä, Kuramşin adam hukuklaryny goraýjy hökmünde özüniň “ygtyýarlyklarynyň” çäginden çykypdyr.

Sud Kuramşine bir ýyl möhlet bilen hereket çäklendirmelerini girizdi. Emma Kuramşiniň derňew işleriniň dowam edýän döwri tussaghanadaky geçiren 7 aýy göz öňünde tutulyp, suduň bu hökümi ýatyryldy.

Kuramşin mundan beýläk hem tussaglaryň hak-hukuklaryny goramagyny dowam etdirjekdigine söz berdi.
XS
SM
MD
LG