Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýada batan gäminiň käbir agzalary halas edildi


Günorta Koreýanyň deňiz ýakasynda hytaýly 13 balykçy halas edildi. Sişenbe güni olaryň gämileri Jeju adasynyň golaýynda güýçli tolkun sebäpli daşlara uçrap, suwa batypdy.

Gämidäki dört adamyň gark bolandygy resmi taýdan tassyklandy. Başga-da 12 adamyň gözleg işleri dowam edýär.

“Bolawen” atly apy-tupan sebäpli, ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Tebigy harasatyň netijesinde, köp sanly awia reýsler ýatyryldy, paýtagt Seulda we käbir beýleki şäherlerde mekdepler ýapyldy we 200 müňe golaý öýde elektrik togy kesildi.

Apy-tupan eýýäm Ýaponiýanyň adalaryna hem aralaşdy.
XS
SM
MD
LG