Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: ABŞ-ly aktiwistiň ölmeginde harbylaryň günäsi ýok


Ysraýylyň sudy 2003-nji ýylda buldozeriň aşagynda galyp ölen ABŞ-ly aktiwistiň heläk bolmagyna ysraýyl harbylarynyň günäkär däldigi barada höküm çykardy. ABŞ-ly aktiwist palestinalylaryň goldawyna geçirilen demonstrasiýa gatnaşypdy.

Reýçel Korrieniň ene-atasy ysraýyl harbylaryny özleriniň 23 ýaşly gyzyny bilkastlaýyndan öldürmekde aýyplap, Ysraýylyň Goranmak ministrligini suda beripdi.

Sişenbe güni Haifa şäheriniň sudy Korrieniň ölüminiň “pajygaly hadysa” bolandygyny aýtdy. Ýöne sud bu ýagdaýyň “uruş hereketleri” mahaly ýüz berendigi sebäpli, munuň üçin ysraýyl harbylaryny günäkärläp bolmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Korrie Gaza zolagynda ysraýyl harbylarynyň palestinalylaryň öýlerini ýumurmagyny duruzjak bolanda, heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG