Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde oppozisiýa aktiwisti türme tussaglygyna höküm edildi


Orsýetiň Smolensk şäheriniň sudy oppozisiýa aktiwistini neşe serişdeleri bilen bagly iş boýunça, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

“Başga Orsýet” hereketiniň aktiwisti Taýisiýa Osipowanyň aklawçylary suduň sişenbe güni çykaran kararyny şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

Osipowa 2010-njy ýylyň noýabrynda, neşe serişdelerini ýaýratmak aýyplamasy boýunça tussag edilipdi.

Aklawçylaryň bellemegine görä, bu Osipowanyň äri Sergeý Fomçenko basyş görkezmek üçin, ýörite gurnalan iş bolupdyr. Fomçenko hem “Başga Orsýet” hereketiniň ýokary derejeli wekilidir.
XS
SM
MD
LG