Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Luiziana ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


ABŞ-nyň Luiziana ştatynda adamlary hüşgärlige çagyrýan ýazgy. 27-nji awgust, 2012 ý.

ABŞ-nyň Luiziana ştatynda adamlary hüşgärlige çagyrýan ýazgy. 27-nji awgust, 2012 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Luiziana ştatynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde-de Meksika aýlagynyň kenaryndaky ştatlarda ”Isaak” diýlip atlandyrylan apy-tupandan goranmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Prezident Obama Duşenbe güni Luiziana ştatynyň häkimine adatdan daşary ýagdaýlar üçin niýetlenilen ätiýaçlyk pul serişdelerini sarp etmäge rugsat berjekdigini aýtdy.

Ondan başga-da Obama ýurtda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça iş alyp barýan döwlet gullugyna ýüzlenip, adamlary halas ediş işlerini Meksika aýlagynyň kenarynda ýerleşýän ştatlaryň döwlet hem ýerli resmileri bilen bilelikde guramalaşdyrmaga çagyrdy.

Mundan ozal agzalýan apy-tupan baradaky duýduryşlaryň yzysüre Missisipi, Florida, Alabama we Luiziana ştatlarynyň häkimleri öz ştatlarynda adatdan daşary ýagdaýy yglan edipdiler.

Howa maglumatlaryny berýän edaralaryň çaklamalaryna görä, “Isaak” diýlip atlandyrylýan bu tupan duşenbe güni agşam güýçlenip, öz ugruny çarşenbe güni Täze Orlean ştatyna gönükdirer.

Luiziana ştatynyň häkimi Bobbi Jindal adamlary ýaramaz ýagdaýa taýýar bolmaga çagyryp, olara Täze Orleanyň suw joşmasyndan goraýyş sistemasynyň töweregindäki ýerleri meýletin terk etmeklerini maslahat berdi: "Häzirki döwürde biz ewakuasiýa planymyňyzyň bardygyna, zerur bolan halatynda gidere ýerimiziň bolmalydygyna göz ýetirmeli" diýdi.

Ol sözüni dowam edip: "Men bendiň töweregindäki pesliklerde ýaşaýan adamlara, aýlagyň içerki ýakasynyň pesliginde ýerleşýän 15 ýaşaýyş zolagynda meýletin ewakuasiýany şu günden başlamagy berk maslahat berýärin" diýip, belledi.

Günorta Floridanyň töwereginde güyçlenenden soňra “Isaak” tupany Meksika aýlagynyň demirgazygynda ýerleşýän Täze Orlean ştatyna howp salýar. Mälim bolşuna görä, mundan ýedi ýyl ozal bolan ”Katrina” tupany zerarly şol ştatda 1800 adam heläk bolupdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, şäheriň töwereginde gurnalan bentler ”Isaak” tupanyndan hem güýçli suw joşmalaryndan goranmaga niýetlenen. ”Katrina” tupanynda bentleriň ýykylmagy aýylganç ýagdaýlaryň emele gelmegine sebäp bolupdy.

"Biz göreşmäge taýyn, başymyza geljek islendik bela bilen göreşmäge taýýarlykly bolarys" diýip, Täze Orleanyň häkimi Miç Landriýo aýtdy.

Emma Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça federal gullugyň dolandyryjysy Kreýg Fýujet “Issak” tupanynyň diňe Täze Orleana däl, eýse Alabama we Missisipi ştatlaryna has-da erbet zyýan ýetirmeginiň mümkindigini aýtdy. Alabamanyň müňlerçe ýaşaýjylaryna bolsa öýlerini terk etmeklik tabşyryldy.

Duşenbe güni Floridanyň resmileri tupan zerarly eýýäm 60 müň adamyň elektrik energiýasyz galandygyny habar berdiler. Respublikan partiýasy bu tupan sebäpli Florida ştatynyň günbatarynda geçirilmeli Tampa gurultaýyny hem bir gün yza süýşürdi.

Şol gurultaýda ABŞ-da noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Massaçusetts ştatynyň ozalky gubernatory Mit Romneýniň Respublikan partiýasynyň adyndan dalaşgär hökmünde gatnaşjakdygynyň yglan edilmegine garaşylýardy.

“Issak” diýlip atlandyrylýan bu tupan zerarly eýýäm Gaitide we Dominikan Respublikasynda azyndan 20 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG