Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky köpçülikleýin çäreler


Geçirilýän çäreleriň sanawy resmi çeşmelerde yglan edilip, olaryň sany hem möçberi ýyl-ýyldan artyp barýar.

Geçirilýän çäreleriň sanawy resmi çeşmelerde yglan edilip, olaryň sany hem möçberi ýyl-ýyldan artyp barýar.

“Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleriniň 27-nji awgustynda çap edilen köpçülikleýin çäreleriň sanawyndan çen tutulsa, sentýabr aýynda ýurtda dürli resmi çäreleriň 49-sy geçiriler.

Agzalýan gazetlerde çap edilen sanawdaky çäreleriň aglabasy orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryndan ybarat bolup, sanawda sportuň dürli görnüşleri boýunça 6 sany bäsdeşligiň hem geçiriljekdigi habar berilýär.

Sentýabr aýynyň baýramçylyk dabaralary 1-nji sentýabrda bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri bilen başlanar. Olardan birem ýurduň teatrlarynda “Şöhrat-şanly bolsun, ýoluň Arkadag!” atly teatrlaşdyrylan çäre bolar.

3-nji sentýabrda Yzgant obasyndaky Berdimuhammet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde geçjek “Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhammedowyň tutuş ömrüniň işi ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk görelde mekdebidir” atly maslahat hem Bilimler güni mynasybetli guralýan çäreleriň biri.

12-nji sentýabrda adatdaky ýaly ”Ruhnama güni” hem bellenilip geçiler. Ýöne, resmi maglumatlardan çen tutulsa, geçen ýyllardan tapawutlylykda bu baýramçylykda ”Ruhnamanyň” ähmiýeti baradaky maslahatlar geçirilmän, bu sene dabaraly çäreler we konsert bilen bellener.

Çärelere kimler gatnaşýar?

Geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin çäreleriň görnüşleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, her ýyl bolşy ýaly, onuň esasy gatnaşyjylarynyň mekdep ýaşyndaky çagalar we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bolar diýlip garaşylýar.

Şeýle çäreleriň aglabasyna adamlaryň mejbury gatnaşdyrylýandygy barada umumy garaýyş bar.

  • "Geçirilýän köpçülikleýin çäreleri baýramçylyk, açylyş dabaralary, maslahatlar, konsertler bolup bilýär. Emma olara gatnaşdyrylýanlaryň nukdaýnazaryndan aýdylanda, bu çäreler mejburlyk. Bu bolsa adamlary biynjalyk edýär"diýip, aşgabatly medeniýet işgäri, 37 ýaşly Batyr aýdýar.


Garaşsyzlyk döwründe ýurtda köpsanly köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik adata öwrüldi. Geçirilýän çäreleriň sanawy resmi çeşmelerde yglan edilip, olaryň sany hem möçberi ýyl-ýyldan artyp barýar.

Sentýabr aýynda meýilleşdirilýän çärelerden tapawutlylykda, şu ýylyň aprel, maý aýlarynda her aý 100-e golaý çäre geçirilipdi, iýul we awgust aýlarynda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň sanlary bolsa 50-ä golaý boldy.

Garaşsyzlyk döwründe ýurtda köpsanly köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik adata öwrüldi.

Garaşsyzlyk döwründe ýurtda köpsanly köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik adata öwrüldi.

Käbir ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, bu çärelere gatnaşmaklyk mejbury bolansoň, ol diňe olaryň gündelik iş tertibine ýaramaz täsirini ýetirmän, çärelere gatnaşdyrylýan çagalar sebäpli goşmaça pul çykdajylaryny hem etmeli bolýarlar.

Şeýle garaýşy öňe sürýänlerden birem Aşgabadyň 1-nji poliklinikasynyň işgärlerinden biri, özüni Maral diýip tanadan ildeşimiz, ol geçen aý özüniň 18 sany köpçülikleýin çärä gatnaşmaga mejbur bolandygyny aýdýar.

"Diňe men däl. Biziň poliklinikamyzyň işgärleriniň köpüsi mejbury çärelere gitmeli bolýar. Şol sebäpden poliklinikamyza ýüz tutýan näsaglara wagtynda kömek edip bilmeýäris. Ýöne bu ýagdaý biziň ýolbaşçylarymyzy gyzyklandyrmaýan bolmaga çemeli" diýip, Maral gürrüň berdi.

Ýeri gelende aýtsak, iýul aýynda Mollagara şypahanasynyň täze binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna Aşgabatdan 500-e golaý lukmanlaryň äkidilendigi barada hem Aşgabatdaky Nyýazow adyndaky keselhananyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik lukmany aýdýar.

"Aslyýetinde ilki 1000-e golaý lukmanlary şol çärä äkitjek boldular. Ýöne, soňky pursatda olaryň sanyny 500-e çenli azaltdylar. Öňem paýtagtyň medisina edaralarynda lukmanlar ýetmezçilik edýär. Onsoň şular ýaly çäreler sebäpli medisina edaralary wagtynda näsaglara kömek edip bilmeýärler" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik lukman nygtaýar.

Soňky 1-2 aý bäri gazetlerde çap edilýän köpçülikleýin çäreleriň sanawyndaky sanlaryň kemelýändigine garamazdan, köpçülikleýin çäreler barybir o diýen azalyp baranok.

Şu ýylyň dowamynda hepdäniň ahyrynda “Dynç günleriniň çäreleri” atly köpçülikleýin çäreler hem geçirilip başlandy. Bu çäreler bolsa gazetde çap edilýän köpçülikleýin çäreleriň sanawyna asla girizilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG