Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan wakalary boýunça ABŞ-nyň esgerlerine temmi berildi


Wideo ýazgyda ABŞ-nyň esgerleriniň ”Talyban” söweşijileriniň jesediniň üstüne peşew edip durandygyny görmek bolýar.
Wideo ýazgyda ABŞ-nyň esgerleriniň ”Talyban” söweşijileriniň jesediniň üstüne peşew edip durandygyny görmek bolýar.
ABŞ-nyň harby resmileri öz gulluklarynyň agzalarynyň 9-syna bolup geçen iki sany waka bilen baglanyşykly temmi berdiler. Bu wakalaryň biri Gurhanyň nusgalarynyň ýakylmagy, beýlekisi hem ”Talyban” söweşijileriniň jesediniň üstüne peşew edilýändigini görkezýän wideoýazgy.

Bu wakalaryň ikisi-de üstümizdäki ýylyň başlarynda Owganystanda gahar-gazaby döredipdi.

Temmi berlen esgerler jenaýata çekilenok. Şol sebäpden onuň owganlaryň adalatyň ýerine ýetirilmegi baradaky talabyny kanagatlandyrjakdygy belli däl.

Harby resmileriň aýtmagyna görä, goşunyň dört ofiseri bilen iki esgerine "administratiw jeza" garaşýar. Bu jeza olaryň harby derejesiniň peseldilmegi, goşmaça wezipe berilmegi ýa ýakylan 100 Gurhanyň we beýleki dini neşirleriň bahasyny tölemek ýaly çäreleri öz içine alyp biler.

Goşun tarapyndan geçirilen derňewde esgerler bu işi Yslama hormatsyzlykdan we "ýaman niýet" bilen etmändir diýen netijä gelinýär. Derňewçiler ýöne esgerler gerekli proseduralary ýerine ýetirmändirler, olar Gurhanyň owganlar üçin beýle ähmiýetlidigini bilmändirler, ýolbaşçylar tarapyndan olara bu barada görkezme berilmändir diýip netije çykarýarlar.

Derňewçileriň gelen netijeleri bildirilen güni harby deňiz korpusy ”Talyban” söweşijileriniň jesediniň üstüne peşew etmäge gatnaşan deňiz pyýada goşunynyň üç esgerine jeza berlendigini yglan etdi.

Korpus bu üç esgeriň günäli tapylandygyny aýtdy. Olaryň biri ”Talybanyň” bir söweşijisiniň jesediniň üstüne peşew edipdir. Ýene biri adam ýitgisiniň gapdalynda durup, surata düşüpdir. Üçünji esger hem derňewçileri aldanlygy üçin günäli tapylypdyr.

Wideoýazgyda görkezilýän bu iş pitneçilere garşy Helmand welaýatynyň Musa Gala sebitinde 2011-nji ýylyň iýul aýynda geçirilen harby operasiýada bolupdyr.

Bu temmilere Owganystanda nähili baha beriljekdigi belli däl. Gurhanyň ýakylmagy sebäpli turan tolgunyşyklarda azyndan 30 adam ölüp, iki amerikan ofiseri atylyp öldürildi. Şeýlelikde prezident Hamid Karzaý bu işlere gatnaşan esgerleriň suda çekilmegini talap etmäge mejbur boldy.
XS
SM
MD
LG