Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: razwedka edarasynyň başlygy wezipeden boşadyldy


Owganystanyň hökümet resmileri çarşenbe güni prezident Hamid Karzaýyň ýurduň razwedka edarasynyň başlygy Rehmatullah Nabili wezipesinden boşadandygyny mälim etdiler.

Prezidentiň gorag gullugynyň ozalky başlygy Rehmatullah Nabil 2010-njy ýylda Owganystanyň razwedka edarasy bolan Milli howpsuzlyk uprawleniýesiniň başlygy wezipesine bellenipdi.

Şu aýyň başynda Owganystanyň parlamentiniň basyşy astynda ýurduň goranmak we içeri işler ministrleri-de wezipelerinden çetleşdirilipdi.

Owganystanyň parlament deputaty Abdul Kadyr Kalatwal bu wezipelere ýakyn bir-iki günüň dowamynda täze adamlaryň bellenilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG