Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Garryýew 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy


Sişenbe güni prezident G.Berdimuhamedow we hökümet agzalary Türkmenistanyň Ýaşulylar Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Myrat Garryýewiň aradan çykmagyna öz çuňňur gynançlaryny bildirdiler.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Myrat Garryýew 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1957-1996-njy ýyllar aralygynda ol Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginde we Ylymlar Akademiýasynda dürli wezipelerde işläpdi.

1996-njy ýyldan 2011-nji ýyla çenli aralykda Myrat Garryýew prezidentiň ýanyndaky dini işler boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy wezipesinde işledi. Soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri bolsa ol Türkmenistanyň Ýaşulylar Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläp geldi.

Köp synçylar Myrat Garryýewi Türkmenistanyň ozalky we häzirki prezidentiniň şahsyýet kultuny ösdürmekde esasy ideologlaryň biri hökmünde iş alyp baran şahsyýet hökmünde häsiýetlendirýärler.

Myrat Garryýewiň ölümi barada çap edilen nekrolog soňky ýyllar Türkmenistanyň metbugatynda çap edilen ilkinji resmi nekrolog boldy.
XS
SM
MD
LG