Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Garryýew aradan çykdy


Türkmenistanyň “Ýaşulular geňeşiniň” ýolbaşçysynyň orunbasary Myrat Garryýew (sagda) we Turkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ozalky birinji sekretary Onjuk Musaýew.
Türkmenistanyň “Ýaşulular geňeşiniň” ýolbaşçysynyň orunbasary Myrat Garryýew (sagda) we Turkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ozalky birinji sekretary Onjuk Musaýew.
Türkmenistanyň “Ýaşulular geňeşiniň” ýolbaşçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek baradaky Merkezi komissiýasynyň öňki başlygy Myrat Garryýew 2012-nji ýylyň 28-nji awgustynda 81 ýaşynda aradan çykdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi maglumata görä, “Türkmenistanyň hormatly ýaşulusy”, “Ýaşulular geňeşiniň” ýolbaşçysynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Myrat Garryýewiň biwagt aradan çykmagyna Türkmenistanyň prezidenti we hökümet ýolbaşçylary çuňňur gynanç bildiripdir.

Türkmen jemgyýetinde gapma-garşylykly pikir döreden hökümet resmisi Myrat Garryýew 1996-njy ýyla çenli Türkmenistanda dermanlyk otlary boýunça ylmy işleri bilen meşgul bolýan alym hökmünde tanalýardy. Ol 1957-1996-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda dürli wezipeleri ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň başky döwründen, ýagny 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap Myrat Garryýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky din işleri baradaky geňeşiň başlygynyň orunbasary, Geňeşiň jogapkär iş dolandyryjysy, Türkmenistanda Saýlawlary we Referendumlary geçirmek baradaky Merkezi komissiýasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň başlygynyň orunbasary wezipelerini ýerine ýetirdi.

“Diktaturanyň sakasyndaky şahsyýet”

Synçylaryň pikiriçe, ýurduň garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda we mundan öň Myrat Garryýew türkmen jemgyýetinde alym hökmünde tanalan hem bolsa, soňra ol Türkmenistanda demokratiýanyň ösmegine uly böwet goýan adam hökmünde halkyň aňynda galypdyr.

Aşgabatly garaşsyz synçy, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurt garaşsyzlygyny alanyndan soňra Myrat Garryýewiň hakyky ýüzüniň görnüp başlandygyny aýdýar.

Bugaýew: “Myrat Garryýew ýurtda demokratiýany depelemegiň, ýurtda diktaturanyň berkarar bolmagynyň sakasynda, gözbaşynda duran adamlaryň biri. Ol bir adamyň göwnüni tapmak üçin tutuş jemgyýetiň üstüne atanak çekmegi hem başarýardy, ýaranjaňlykda ýakasynam tanadan adamdy” diýdi.

Myrat Garryýew aradan çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Wideo: Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýazgynyň ahyrynda Myrat Garryýew barada gürrüň edýär.

Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykanyndan soň hem Myrat Garryýew öz ýörelgesinden dänmedi diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi: “Ol täze saýlanan hökümet baştutanyna ýaranjaňlyk etmekde öz ýakasyny tanatdy”.

Türkmenistanda 2007-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýän döwürde Saýlawlary we Referendumlary geçirmek baradaky Merkezi komissiýasynyň başlygy bolan Myrat Garryýewiň prezidentlige dalaş eden Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip eden çykyşy jemgyýetiň arasynda bu şahsyýet barada bar bolan gapma-garşylykly garaýyşlary has hem güýçlendirdi.

“Şu wagt saýlamaly hem bolsa saýlajak, Gurbanguly Mälikgulyýewiç sizi. Daş-töweregimizdäki döwletler hem seredip otyr, nähili bolar, geçirilýärkä diýip. Saýlaw geçdi diýip hem biljek şu wagt, eger ýagdaý bolsa welin, ýöne daş-töweregimiz seredip otyr” diýip, Myrat Garryýew eden çykyşynda belläpdi.

Resmi nekrolog çap edildi

Myrat Garryýew (öňki setiriň sagynda) hökümet maslahatynda, 2011 ý.
Myrat Garryýew (öňki setiriň sagynda) hökümet maslahatynda, 2011 ý.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhynda metbugatda nekrolog bermek düzgüniniň ýatyrylmagyna garamazdan, Myrat Garryýewiň ýogalmagy bilen baglylykda habar beriş serişdelerinde döwlet baştutany we hökümet agzalary tarapyndan ýörite gynanç bildirildi. Türkmen telewideniýesinde berlen bu gynançda Myrat Garryýewe “başarjaň guramaçy, ruhybelent, kiçigöwünli we hoşgolaw, köpleriň halypasy hökmünde özüni tanadan ynsan” diýilip baha berilýär.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, watan öňünde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Myrat Garryýew “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy”, “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri” diýen hormatly atlara mynasyp bolupdyr.

Myrat Garryýew “Watana bolan söýgüsi üçin” we “Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” atly ýubileý medallary, “Gaýrat” medaly, “Galkynyş”, “Bitaraplyk”, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordenleri, “I, II we III derejeli Altyn Asyr” ordenleri, şeýle hem “Prezidentiň ýyldyzy” ordenleri bilen sylaglandy.
XS
SM
MD
LG