Sepleriň elýeterliligi

“AI” balkanlarda dereksiz ýitenleriň ykbalyna alada bildirýär


Çarşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Balkan ýurtlarynyň häkimiýetlerini 1990-njy ýyllaryň urşunda dereksiz ýiten 14 müň töweregi adamyň ykbalyndan derek tapmak boýunça zerur derňewleri geçirmeklige çagyryp, beýanat ýaýratdy.

Dereksiz ýitenleriň halkara gününiň öňýany ýaýradan bu beýanatynda “Amnesty International” guramasy balkanlardaky bu adamlaryň dereksiz ýitirim edilmegine jogapkärleriň ele salynmalydygyny we jezalandyrylmalydygyny hem nygtapdyr.

Bu beýanatda Horwatiýanyň, Bosnýa-Gersogowinanyň, Serbiýanyň, Çernogoriýanyň, Makedoniýanyň we Kosowanyň häkimiýetleri bu ugurda talabalaýyk iş alyp barmaýanlykda tankytlanylypdyr.
XS
SM
MD
LG