Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Bombeý hüjüminde ele salnana ölüm jezasy berildi


Çarşenbe güni Hindistanyň Ýokary sudy 2008-nji ýylda Bombeý şäherindäki myhmanhana edilen hüjümde diri ele salnan ýeke-täk söweşijiniň ölüm jezasyna höküm edilendigini tassyklady.

Asly pakistanly Ajmal Amir Kasab bilen birlikde jemi 10 söweşiji 2008-nji ýylda Bombeý şäherindäki myhmanhana hüjüm edende,160-dan gowrak adam ölüpdi.

Hindistanyň sudy ony terror hüjümini amala aşyrmakda, adam öldürmekde we Hindistana garşy uruş yglan etmekde günäli tapdy.

Şol amala aşyrylan hüjümde Hindistan Pakistanda hereket edýän “Laşkar-i-Taýba” atly ekstremistik topary aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG