Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Respublikan partiýasy Romneýi dalaşgärlige tassyklady


Sişenbe güni giçlik Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasy Florida ştatynyň Tampa şäherinde açylan öz gurultaýynda Mitt Romneýi bu partiýadan prezidentlik saýlawlaryna resmi dalaşgär hökmünde tassyklady.

Indi noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Massaçusets ştatynyň ozalky gubernatory Mitt Romneý Demokratik partiýadan ikilenji tapgyr prezidentlige dalaş etjek Barak Obama bilen bäsleşer.

Demokratik partiýanyň delegatlary öz gurultaýlaryny geljek hepde Demirgazyk Karolina ştatynda geçirerler.
XS
SM
MD
LG