Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär


Çarşenbe güni Britaniýanyň paýtagty Londonda paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Maýyplaryň bu olimpiýa oýunlary her dört ýyldan bir gezek adaty olimpiýa oýunlarynyň yzy bilen gurnalýar.

Londonda geçirilýän bu gezekki paralimpiýa oýunlaryna dünýäniň 166 ýurdundan 4 müň 200-den gowrak sportsmen gatnaşar. Şol sanda oňa Türkmenistandan hem 5 sportsmeniň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Munuň özi şeýle olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan fiziki taýdan maýyp sportsmenleriň iň köp sanydyr. Bu sportsmenler sportuň 20 görnüşi boýunça özara bäsleşerler. Paralimpiýa oýunlary 9-njy sentýabra çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG