Sepleriň elýeterliligi

Hoşlaşyk


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Gel, bar zady edeli biz ýerbe-ýer,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
Bu ne duýgy boldy – jana derdeser,
Mundan beter nämemiş muň hyýaly?!

Ýa bile gideli bir ýola düşüp,
Ýa rugsat ber – öz ýoluma gideýin.
Men ýaşap bilemok çöküme düşüp,
Dyzym epilenok – nälaç edeýin!

Ýitgiler kän, ýene birne dözüler,
Oda ýanyp boldummy men gap-gara?!
Gowsy “Ýok” diý, göni bakyp gözüme,
“Hawa” diýme ýüzüň sowup gapdala.

Bu hoşlaşyk wagtlaýyn däl – ömürlik.
Bişmedik miwäni sabyrly ýolmaz.
Onça wadalary, onça kasamy
Başga bir gulaga pyşyrdap bolmaz.

* * *

Iki jogapkäre, deň günäkäre
Aklawçy ýa garalawçy gerekmi?
Beýniň ýazygyny boýnuňa alyp,
Höküm diňlemelem ýene ýürekmi?

“Ajy hakykat ýeg süýji ýalandan”:
Dana halkyň pähimine jedel ýok.
Ykbal çatrygynda dur goşa göwre,
Mundan aňryk bile gidip bolanok.

Şeýdip, darlyk etdi bir şäher, bir ýurt,
Sen galarman bolduň, menem gidermen.
... Şükür, sen özüňi ejiz saýaňok,
Diýmek, menem däl beýle bir edermen.
XS
SM
MD
LG