Sepleriň elýeterliligi

Romneý prezidentlige dalaşgär hökmünde bellenildi


Mit Romneý

Mit Romneý

ABŞ-da respublikanlaryň Tampada geçen milli gurultaýynda Mitt Romneý resmi taýdan prezidentlige kandidat bellendi.

Şeýlelikde Massaçusets ştatynyň öňki gubernatory öňümizdäki noýabrda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynda Barak Obama bilen güýç synanyşar.

Romneýiň 28-nji awgustda alan sesleri kandidatlyk üçin gerekli 1,144 sesden aşdy.

Wise-prezidetentlige hem Amerikanyň ştatlarynyň we territoriýalarynyň wekilleri tarapyndan Kongresiň agzasy Pawl Rýan bellendi.

Romneýiň aýaly Ann respublikanlaryň prezidentlik kandidatyny, öňki söwda ýyldyzyny öwüp, onuň tarapdarlarynyň şatlygyna şatlyk goşdy.

Ann: "Biziň indiki prezidentimiz kim bolmaly diýip oýlanýan ähli amerikanlara men muny aýdaýyn: bu ýurdy ýaşamaga gowy ýere öwürmek üçin hiç kim Mitt Romneýdan köp zähmet çekmez, hiç kim onuňkydan köp alada etmez, hiç kim onuňky ýaly ýer-gögi herekete getirmez".

Rýan gurultaýda 29-nji awgustda çykyş eder. Romneýiň çykyşy hem 30-njy awgusta planlaşdyryldy.

Dabaralaryň açylyşynda Respublikan partiýasynyň ýolbaşçylary Obamanyň ykdysady hasabatyny tankytlap, saýlawçylara ýurtda işsizlik derejesiniň ýokarydygyny, býujet defisitiniň barha artýandygyny ýatlatdylar.

Olar partiýanyň bir platformasyny oňladylar. Onda bolsa ykdysadyýeti ýola düşürmek üçin tölenýän salgytlary azaltmak, çaga aýyrtmga ýol bermezlik, şeýle hem Obamanyň saglygy goraýyş planyny ret etmek barada çagyryş edilýär.

Respublikanlaryň milli komitetiniň başlygy Reins Priebus Obamanyň gaýtadan saýlanmagy "ýene 4 ýyllyk şowsuzlyk diýmegi aňladýar" diýdi. Ol soňra "bu ýurdy gaýtadan ýola saljaklar" Romneý bilen Rýandyr diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Respublikanlaryň arizonaly wekili Debra Forrest Reuters telewideniýesine şeýle diýdi: "Men bu ýerde bolmagyma gaty tolgunýaryn. Mitt Romneý barada meniň pikirlerim şeýle: ol şöhratly lider. Ol ykdysadyýeti ýola goýar. Ol edermen, ABŞ-nyň indiki prezidenti hakykatdan şol bolar".

Geçirilen soňky pikir soralyşyklaryň netijesine görä, ýaryşda Romneý bilen demokratik prezidentiň arasynda uly bir aratapawut hem ýok.

Demokratlaryň gurultaýy geljek hepde Demirgazyk Karolinada geçer.

Respublikanlaryň gurultaýy tropiki tupan zerarly Tampada bir gün yza süýşürildi.

Häzirki wagtda bu tupan güýjäp, Luizianadan saýlanyp, 7 ýyl mundan ozal ”Katrina” tupany zerarly agyr weýrançylyga uçran Täze Orleana tarap barýar.
XS
SM
MD
LG