Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: sud Timoşenkonyň şikaýatyny ret etdi


Sudýa Aleksandr Elfimow (çepde) Ýuliýa Timoşenkonyň şikaýaty boýunça Ukrainanyň Ýokary şikaýat sudunyň gelen kararyny okaýar. Kiýew, 29-njy awgust, 2012.
Sudýa Aleksandr Elfimow (çepde) Ýuliýa Timoşenkonyň şikaýaty boýunça Ukrainanyň Ýokary şikaýat sudunyň gelen kararyny okaýar. Kiýew, 29-njy awgust, 2012.
Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň özüne bildirilen ozalky jenaýat aýyplamasyna garşy eden şikaýatyny ýurduň Ýokary şikaýat sudy çarşenbe güni ret etdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň sudy Timoşenkony wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplap, ony ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

51 ýaşly Ýuliýa Timoşenko özüne bildirilen bu aýyplamany we suduň çykaran hökümini syýasy matlaba esaslanýan çäre hasaplap, muňa protest bildirmegini döwam etdirýär.

Syýasy meselemi?

Ukrainanyň häkimiýetleri Timoşenkonyň 2009-njy ýylda, ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk edýärkä, Orsýetiň gazyny gymmat bahadan satyn almak barada ylalaşyga gol çekmek arkaly, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygyny aýdýarlar.

Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary suduň binasynyň öňünde Timoşenkony goldap, demonstrasiýa geçirýärler. Kiýew, 29-njy awgust, 2012.
Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlary suduň binasynyň öňünde Timoşenkony goldap, demonstrasiýa geçirýärler. Kiýew, 29-njy awgust, 2012.
Emma Timoşenkonyň aklawçylary Moskwa bilen baglaşylan ol ylalaşygyň syýasy meseledigini we onuň jenaýatçylykly iş bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny öňe sürýärler.

Ýuliýa Timoşenko öz gezeginde özüniň prezident Wiktor Ýanukowiçiň özüne garşy alyp barýan duşmançylykly syýasatynyň pidasy bolandygyny aýdýar. 2010-njy ýylda Ukrainada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Timoşenko Ýanukowiç bilen bäsleşipdi.

Ondan öň bolsa, 2004-nji ýylda Ýuliýa Timoşenko Ukrainadaky mämişi rewolýusiýa liderlik edip, şol wagtky prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiçiň “gazandym” diýen ýeňşiniň bikanun diýlip yglan edilmegini hem-de saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegini gazanypdy.

Aklawçylar Ýewropa suduna ýüzlendiler

Timoşenkonyň aklawçylaryndan biri Sergeý Wlasenko çarşenbe güni Ýokary şikaýat sudunyň Timoşenkonyň haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwrendigini aýdyp, muny prezident Ýanukowiçiň basyşy astynda çykarylan karar diýip atlandyrdy.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar Ukrainanyň häzirki häkimiýetleriniň öz syýasy garşydaşlaryndan ar almak üçin ýurduň sud häkimiýetinden hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny aýdyp, Timoşenkonyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini-de ýazgardylar.

Ýuliýa Timoşenkonyň aklawçylary oňa garşy Ukrainada çykarylan höküm bilen bagly Strasburgda ýerleşýän ynsan hukuklary boýunça Ýewropa suduna ýüz tutandyklaryny aýdýarlar.

Häzirki wagt Ukrainanyň sudy Ýuliýa Timoşenko maliýe galplyklary bilen baglanyşykly başga-da bir jenaýat aýyplamasy boýunça sud seljermesini alyp barýar.
XS
SM
MD
LG