Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'Ilat ýazuwy-2012' ýakynlaýar


Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda 1995-nji ýyldan soň ilkinji gezek ilat ýazuwy geçiriler.
Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda 1995-nji ýyldan soň ilkinji gezek ilat ýazuwy geçiriler.
Ýurtda 2012-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Dekabr aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan bu çäre arkaly, Türkmenistanyň ilaty näçe diýlen soraga takyk jogap bermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda ilat ýazuwy soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi.
Türkmenistanda ilat ýazuwy soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi.
Ýurtda ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilip, şonda Türkmenistanyň ilatynyň jemi sanynyň 4.481 milliona barabardygy mälim edilipdi. Şondan bäri ýurduň ilatynyň sany barada döwlet ýolbaşçylary tarapyndan wagtal-wagtal dürli maglumatlar berlip gelinýär.

Türkmenistanyň hökümeti dekabr aýynda geçiriljek ilat ýazuwy arkaly, bu ýagdaýa takyklyk getiriler diýen umytda. Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin ýzygiderli wagyz-propaganda işlerini alyp barýar. Bu çäräniň düzgünleri bilen ilaty tanyşdyrýar.

Metbugatda yzygiderli informasiýa berilýär

Ýurtda ors dilinde çap edilýän ýeke-täk gazet bolan “Neýtralnyý Turkmenistan” soňky bir aýyň dowamynda çykan birnäçe sanlarynda ilat ýazuwy döwründe ýazuwa alynýan adamlara nähili soraglaryň beriljekdigi we olara nähili jogap berilmelidigi barada jikme-jik maglumatlary çap edýär. Türkmen telewideniýesinde hem ilat ýazuwyna aktiw gatnaşmagy ündeýän ýazgylar häli-şindi görkezilýär.

Diňe media däl, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteteiniň resmi websaýtynda hem ilat ýazuwynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berilýär. Onuň şu çaka çenli geçirilmänliginiň jemgyýete ýetiren täsiri barada hem gürrüň edilýär.

“Ilat ýazuwy ilki bilen ol ýurduň ýaşaýjylarynyň sanyny bilmek üçin gerek. Ilatyň sany barada gündelik ýöredilýän maglumatlar, nebsimiz agyrsa-da, ilatyň takyk hasabyny anyklamaklyga doly mümkinçilik berip bilmeýär” diýip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi websaýtynda bellenýär.

Ozalky maglumatlaryň takyklygy

Türkmenistanda yzygiderli kadaly ilat ýazuwy geçirilmese-de, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe agzalýan komitetiň ýyllyk statistiki neşirlerinde ýurduň jemi ilatynyň sany barada maglumatlar çap edilýärdi. Mysal üçin, 2000-2005-nji ýyllar aralygy boýunça bu komitetiň statistik maglumatlar ýygyndysynda ýurduň ilatynyň sanynyň 6 million 746 müň adamdygy baradaky maglumat ýerleşdirilipdir. Emma bu sanlaryň ygtybarlylygy, käbir ýerli hem halkara synçylar tarapyndan şübhe astyna alnyp gelinýär.

Ýewraziýa internet sahypasynyň şu ýylyň 21-nji awgustynda çap eden maglumatynda, 2006-njy ýylda türkmen resmileri tarapyndan ýurduň ilat sanynyň jemi 6 milliondan geçdi diýlip habar berilýän döwürlerinde, onuň halkara synçylary tarapyndan 4.6 milion töweregi diýlip çak edilendigini ýazýar.

Emma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2006-nji ýylda Nyýazow aradan çykyp, ýurtda häkimiýet çalşandan soňky ýaýradýan ýyllyk statistik neşirlerinde ilat sany barada maglumatlar asla çap edilmeýär.

Türkmenistanyň çäginde näçe adam ýaşaýar diýlen soraga takyk jogap tapmaga taýýarlyk görlüp, bu barada mediada yzygiderli wagyz-propaganda işleri geçirilýän häzirki wagtda, öňde duran bu çäräniň näderejede ygtybarly boljagy ýene sorag astynda.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň websahypasynda dekabr aýynda geçiriljek ilat ýazuwy döwründe sowallara nähili jogap bermelidigini her bir adamyň diňe özüniň kesgitlemelidigi, ilatdan alnan maglumatlaryň gizlinliginiň kepillendiriljekdigi aýdylýar.

Döräp biljek kynçylyklar

Emma Türkmenistanda propiska, ýagny ýaşaýan ýeriňe ýazylmak düzgüniniň henizem dowam edýändigi we hut şol sebäpden-de muňlerçe adamyň iş we beýleki maksatlar bilen öz ady ýazga alnan ýerden uzaklarda, iň bärkisi ýurduň beýleki oba-şäherlerinde ýarym-resmi ýagdaýda ýaşaýandygy göz öňünde tutulsa, käbir ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ähli adamlaryň bu çärä öz islegi bilen gatnaşjakdygy ikuçly.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem öňki hökümet işgäri, häzirki pensioner, aşgabatly Ilaman. Ol daşary ýurtlarda ýarym-resmi ýagdaýda işläp ýören müňlerçe türkmenistanlylary hem göz oňüne alsaň, bu problemanyň geriminiň has uludygyny aýdýar.

Ilaman: “Geçiriljek ilat ýazuwynda beriljek soraglaryň käbiri halk üçin ynjyk bolan meseleleri gozgaýar. Mysal üçin, daşary ýurtlarda haýsy garyndaşlaryň işleýändigi baradaky soraga garyndaşlary daşary ýurtlarda bikanun ýaşap ýörenleriň hakykaty arkaýyn aýdyp biljekdigine göz ýetirmek kyn” diýip, belledi.

Emma 2012-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna ygtybarlylyk bermek, hem-de ony halkara standartlaryna gabat getirmek üçin Türkmenistanyň hökümeti degişli çäreleri görýär. Bu maksat bilen diňe wagyz-propaganda işleri däl, ilat ýazuwynda soraljak soraglaryň tertibiniň BMG-niň Çagalar fondy bilen bilelikde düzülýändigini hem habar berýär.
XS
SM
MD
LG