Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda ýerli gözegçilik we gorag toparlary dörediler


Penşenbe güni Orsýetiň Dagystan respublikasynyň prezidenti ýerli ýolbaşçylara howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek maksady bilen, meýletinleriň hasabyna ýerli gözegçilik we gorag toparlaryny döretmeklige görkezme berdi.

Prezident Magomedsalam Magomedow bu ýerli toparlaryň polisiýanyň işine-de ýardam berjekdigini aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşyndan iki gün öň janyndan geçen bir aýal maşgalanyň amala aşyran partlamasynda dagystanly tanymal sufist dini lideri Said Efendi Atsaýew we onuň ýanyndaky alty adam partlamanyň pidasy boldy.

Dagystanyň resmileri Said Efendi Atsaýewiň dini ekstremizme garşy çykyş edip gelendigini aýdyp, oňa garşy gurnalan bu hüjümi onuň alyp baran propogandasy bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG