Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Kaspi deňzinde harby türgenleşik geçirmekçi


Penşenbe güni Türkmenistanyň resmi mediasy ýurduň goranmak ministriniň sözlerine salgylanmak bilen, Kaspi deňzinde Türkmenistanyň ilkinji gezek harby türgenleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Bu baradaky maglumatda goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň Türkmenistanyň harby güýçleriniň sentýabr aýynyň başynda Kaspi deňzinde harby türgenleşik geçirmäge taýýardygy barada ýurduň prezidentine hasabat berendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň bu harby türgenleşik planlary Kaspi deňzindäki energiýa ýataklary boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dawalaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG