Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Tährandaky halkara sammite gatnaşmakçy


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan topara agza ýurtlaryň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň paýtagty Tährana barýar.

Munuň özi “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan guramanyň 16-njy sammitidir. Bu gurama dünýäniň 120 ýurduny öz içine alýar.

Tährandaky bu sammite köpsanly döwlet liderleri bilen bir hatarda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun hem gatnaşýar.

Ol penşenbe güni bu sammitde eden çykyşynda Eýranyň Ysraýyla garşy duşmançylykly çykyşlaryny we onuň “Holokost” tragediýasyny inkär etmegini ýazgardy.

Şeýle hem, Ban Ki Mun Eýranyň häkimiýetlerini urany baýlaşdyrmak meselesinde BMG-niň rezolýusiýalarynyň talaplaryna eýermeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG