Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda sopularyň lideri jaýlandy


Said Efendi Çirkeýski

Said Efendi Çirkeýski

Sişenbe güni Dagystanda sopular öz dini ruhanysyny jaýladylar. Çerkessk şäherinde geçirilen jynaza namazyna aglabasy erkeklerden ybarat uly märeke gatnaşdy.

Synçylaryň aýtmagyna görä, ýas tutýanlaryň sany 100 müňden gowrak bolup, demirgazyk Kawkazda ýerleşýän bu kiçijik respublikada beýle üýşmeleň ozal görülmändir.

Dagystan üçin betbagtçylyk

Çirkeýskiniň jaýlanyşyna uly märeke gatnaşdy. 28-nji awgust, 2012 ý.

Çirkeýskiniň jaýlanyşyna uly märeke gatnaşdy. 28-nji awgust, 2012 ý.

74 ýyl mundan ozal Said Atsaýew ady bilen doglan Said Efendi Çirkeýskiniň ölümi onuň tarapdarlary üçin adaty waka däl. Ol Dagystanyň hökümeti tarapyndan resmi diýlip ykrar edilen yslam dininiň, ýagny sopuçylygyň ruhany ýolbaşçysy bolup, oňa onuň janköýerleri “Hudaý tarapyn ruhlandyrylan adam” diýip, baha berýärdiler.

Netijede onuň janyndan geçen bombaçy tarapyndan öldürilmegi, dartgynlygyň täze tapgyryna we howpsuzlyk güýçleriniň-de täze operasiýalara başlamagyna badalga berip biler.

28-nji awgustda Çirkeýskiniň we onuň ýoluny eýerýänlerden azyndan bäş adamyň ölümine sebäp bolan wakany Aminat Saprikina atly janyndan geçen bir bombaçynyň amala aşyrandygy anyklanyldy. Ors metbugatynyň howpsuzlyk resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Saprikina Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gözlenilýän aşa dinçi söweşijiniň aýalydyr.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Karnegi Endowment” atly halkara parahatçylygy guramasynyň eksperti Alekseý Malaşenko Çirkeýskiniň Dagystanyň ýolbaşçylary tarapyndan goldanylýan sopuçylygyň esasy sütünidigini we bu ugra aşa dinçilar tarapyndan howp salynýandygyny aýtdy.

Malaşenko: "Ol dünýewi garaýyşly ýolbaşçylar, dolandyryş sistemasy bilen gowy gatnaşyklary ýola goýupdy. Ol örän meşhurdy. Onuň döwlet resmileriniň arasyndan okuwçylary bardy, hatda käbir ministrler ony goldaýardylar. Şol sebäpli hem bu waka Dagystan üçin ullakan tragediýadyr. Sebäbi bu bolan waka adaty hem-de adaty däl yslam dininiň arasyndaky çuňňur bölünişigi görkezýär” diýdi.

Malaşenkonyň aýtmagyna görä, Dagystanda Nakşbendi we Şazali dini akymynyň ikisine hem ýolbaşçylyk edýän Çirkeýskiniň takmynan 10 müňden 50 müň aralygyndaky talyplary bar.

"Wahhabizmi" tankytlapdy

Dini esaslandyryş bilen respublikanyň graždan dolandyrylyşynyň arasynda güýçli arabaglanyşygy gurmagy başaran Çirkeýskiniň okuwçylarynyň köpüsi Dagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasydyr.

Dini lideriň arapça okap hem-de gürläp bilmeýändigine garamazdan, ol yslam alymy we ruhy goşgularyň awtory hökmünde üstünlik-de gazanypdy. Ol halk arasynda özüniň sabyrlylygy, şeýle-de kömek sorap baran islendik adamy kabul etmäge taýynlygy bilen meşhurdy.

Ýöne Çirkeýskiniň “wahhabizm” dini akymy baradaky ýygy-ýygydan edýän tankytlary, onuň gozgalaňçylar tarapyndan nyşana alynmagyna sebäp boldy. Oňa 2007-nji ýylda hem janyndan geçen bir söweşiji hüjüm edipdi. Şol wakadan Çirkeýski aman galypdy.

Said Efendi Çirkeýskini “režimiň gurjagy” diýip atlandyryp, Selefi ekstremist söweşijileriniň käbir web sahypalary onuň ölümini gowy garşyladylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG