Sepleriň elýeterliligi

Senzuraly habarlar, 'gowy' habarlar


Tähranda geçýän "Goşulyşmazlyk hereketiniň" sammitinde döwlet ýolbaşçylary surata düşýärler. 30-njy awgust, 2012 ý.

Tähranda geçýän "Goşulyşmazlyk hereketiniň" sammitinde döwlet ýolbaşçylary surata düşýärler. 30-njy awgust, 2012 ý.

Eýranda geçýän “Goşulyşmazlyk hereketiniň” bir hepdelik duşuşygynyň çägindäki sammite beýleki döwletleriň baştutanlarynyň arasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Emma Eýranyň global derejede öz ähmiýetini nygtamak üçin geçirýän bu çäresine gatnaşýanlar şol bir wagtyň özünde ýurduň içinde bolup geçýän ýagdaýlardan habarsyz galmaklary ähtimal. Sebäbi döwletiň eýeçiligindäki milli habar serişdelerine ýurtdaky hakyky ýagdaýlar barada habar bermekden saklanmak tabşyryldy.

Habar serişdelerinden talap

Eýranyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýaýradylan üç sahypalyk görkezmede habar agentlikleriniň bermeli we bermeli däl maglumatlary barada jikme-jik görkezme bar. Hususan-da, habar serişdeleri ýokary derejede geçirilýän duşuşyga zyýan ýetirip biläýjek temalardan gaça durmaly, oppozision syýasy toparlara söz bermeli däl, Eýranda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyny agzamaly däl.

Şeýle-de, ýurduň habar serişdeleri Günbataryň Siriýa barada garaýyşlaryny çap etmeli däl. Tähranyň howpsuzlyk ýagdaýyna şübhe döredip biljek maglumatlary, erbet howa şertler ýa tebigy betbagtçylyklar barada hem habar bermeli däl. Energiýa üpjünçiliginiň çäklendirilmegi ýaly meseleleri hem gozgamaly däl.

Şol bir wagtda-da habar serişdeleriniň Eýranyň milli bähbitleriniň goralmagyna we ýurduň halkara gatnaşyklaryndaky pozisiýalarynyň güýçlendirilmegine ýardam berip biljek temalara ünsi gönükdirmekleri häkimiýetler tarapyndan goldanylýar.

Eýranyň ýolbaşçylaryny gowy tarapdan görkezýän, ýurduň myhmansöýerligi we milli däp-dessurlary barada habar berýän, şeýle-de Eýranyň dawaly ýadro programmasyna goldaw berýän, emma Günbataryň sanksiýalaryny ýazgarýan, Ysraýyly hem tankyt edýän maglumatlaryň berilmegi-de makullanýar.

Sammite taýýarlyk

Bu görkezmeler “Goşulyşmazlyk hereketiniň” liderleriniň ýokary derejeli maslahatyny geçirmek arkaly Eýranyň halkara derejesinde öz abraýyny artdyrmak üçin eden ädimleriniň biri boldy.

Duşuşygyň öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda, 26-njy awgustda, eýranyň polisiýasy duşuşygyň geçiriljek ýeriniň golaýyndaky ýollary we dükanlary ýapdy. Şeýle-de häkimiýetler ilat üçin bäş günlük resmi dynç alşy yglan etdiler.

Eýranyň habar serişdeleri häkimiýetleriň beren görkezmelerine boýun boldular we “Goşulyşmazlyk hereketiniň” sammitiniň geçirilmegini ýurt üçin özboluşly üstünlik hökmünde häsiýetlendirip, Eýranyň dünýäde ululygy boýunça ikinji orunda durýan gurama ýolbaşçylyk edýänligini mahabatlandyrdylar.

Tährandaky sammitiň dowamynda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (sagda) özüniň müsürli kärdeşi Muhammet Mursini garşylaýar. 30-njy awgust, 2012 ý.

Tährandaky sammitiň dowamynda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad (sagda) özüniň müsürli kärdeşi Muhammet Mursini garşylaýar. 30-njy awgust, 2012 ý.

Duşuşyga Müsüriň prezidenti Muhammet Mursiniň gatnaşmagy hem üstünlik hökmünde häsiýetlendirildi. Müsüriň ýolbaşçysy 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasyndan soň Eýrana ilkinji gezek sapara barýar.

Tährandaky duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Ban ki Munuň gapma-garşylykly şertlerde gatnaşmagy-da eýran metbugatynda makullanyp garşy alyndy. Günbatar döwletleri Ban ki Munuň Eýranda geçirilýän duşuşyga gatnaşmagyna garşy çykyş etdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG