Sepleriň elýeterliligi

Kabulda ýüzlerçe protestçi Pakistany ýazgaryp çykyş etdi


Penşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda ýüzlerçe protestçi ýurduň gündogar serhet ýakasyna Pakistan tarapyndan raketa oklarynyň atylmagyna protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Protestçiler Kabulyň iň bir uly söwda bazarlarynyň birinde Pakistany ýazgaryjy şygarlary gygyryşyp, ýöriş geçirdiler.

Owganystanyň resmileri hem Pakistan tarapyndan bu ýurduň Kunar welaýatyna atylýan raketalaryň käte parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alýandygyny aýdyp, muňa alada bildirip gelýärler.

Ýakynda Owganystanyň we Pakistanyň prezidentleri Saud Arabystanynda geçiren gepleşiklerinde bu hüjümler bilen bagly meseleleri derňemek üçin özara komissiýa döretmekligi ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG