Sepleriň elýeterliligi

MTS kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan işläp başlady


Penşenbe güni Orsýetiň MTS mobil telefon kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan işläp başlady.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky özüniň ozalky müşderileriniň 2010-njy ýylyň dekabryndan öň satyn alan SIM kartalaryny, ozalkylary ýaly, täzeden ulanyp biljekdiklerini aýdýar.

Özleriniň şol köne SIM kartalaryndan peýdalanjak müşderiler üçin käbir ýeňillikleriň-de beriljekdigi aýdylýar. Bu kompaniýadan täze SIM karta satyn almak isleýän raýatlar üçin bolsa, SIM kartalar şu ýylyň 1-nji oktýabryndan satylyp başlanar.

2010-njy ýylyň dekabrynda özüniň Türkmenistandaky lisenziýasyny uzaltmak meselesinde ýüze çykan kynçylyklar sebäpli Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistandaky işlerini bes etmäge mejbur bolupdy.

Şonda bir günüň özünde Türkmenistandaky 2.5 milliona golaý müşderiniň bu kompaniýanyň mobil telefon hyzmatyndan mahrum bolandygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG