Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Saakaşwili durnuklylygyň boljagyna söz berýär


Gürjüstanyň harbylary Dagystan bilen serhetleşýän Lopota jülgesine ýörite howpsuzlyk operasiýasy üçin barýarlar. 29-njy awgust, 2012.
Gürjüstanyň harbylary Dagystan bilen serhetleşýän Lopota jülgesine ýörite howpsuzlyk operasiýasy üçin barýarlar. 29-njy awgust, 2012.
Penşenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili ýaragly söweşijilere garşy operasiýa geçirilen Lopota jülgesine sapar etdi. Gürjüstanyň resmileri ol ýerdäki operasiýada azyndan 11 sany yslamçy söweşijiniň we 3 sany esgeriň ölendigini mälim etdiler.

Prezident Saakaşwili ol ýerde eden çykyşynda öz hökümetiniň ýaragly söweşijileriň Gürjüstanyň üstaşyry hereket etmeklerine ýol bermejekdigini nygtady.

Saakaşwiliniň saparynyň öňýany ýurduň howpsuzlyk güýçleri Orsýetiň Dagystan respublikasyndan geçen diýlip çaklanylýan ýaragly söweşijilerden ýene azyndan altysyny ele salmak boýunça gözleg alnyp barylýandygyny habar berdiler.

Matlaplary belli däl

Resmileriň aýtmagyna görä, bu operasiýalaryň barşynda zamunlykdaky 10 sany ýerli raýat hem zamunlykdan halas edilipdir. Ýöne ýerli raýatlary zamun alan bu söweşijileriň nähili matlap boýunça beýle hereket edendikleri barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Penşenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili telewideniýede eden çykyşynda “goňşy ýurtda bolýan durnuksyzlyk biziň ýurdumyzyň durnuklylygyna hiç haçan täsir edip bilmez” diýip nygtady.

Gürjüstanyň resmileri häzirki operasiýanyň barşynda ölen esgerlerden biriniň ýurt boýunça tanymal sportsmenlerden biri, sambo boýunça Gürjüstanyň iki gezek çempiony Arçil Çokhelidigini mälim etdiler.

Aňyrsy Dagystana direýär

Penşenbe güni Dagystandaky ýaragly söweşijilere degişli diýlip hasaplanylýan bir internet saýtynda (vdagestan.com) Gürjüstanyň territoriýasyna giren söweşijileriň dagystanly söweşijilerdigini tassyklaýjy maglumat peýda boldy.

Gürjüstanyň Lopota jülgesindäki atyşyklar şu hepdäniň sişenbe güni ýüze çykdy. Edil şol gün hem goňşy Dagystanda janyndan geçen bir aýal maşgalanyň amala aşyran partlamasynda dagystanly tanymal sufist dini lideri Said Efendi Atsaýew we onuň ýanyndaky alty adam partlamanyň pidasy bolupdy.

Dagystanda hereket edýän we özüni “Kawkaz Emirligi” diýip atlandyrýan ekstremistik topar Orsýetiň ähli Kawkaz respublikalaryny bir yslam döwletine birleşdirmek maksadyna eýerýändigini aýdýar. Bu herekete çeçenistanly Doku Umarow liderlik edýär.
XS
SM
MD
LG