Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň kaşaň durmuşy köpleriň ünsüni çekýär


Hasabatda Orsýetiň prezidentiniň baýlyklary gönüden-göni onuň wezipesi bilen ilteşiklidigi nygtalýar.
Hasabatda Orsýetiň prezidentiniň baýlyklary gönüden-göni onuň wezipesi bilen ilteşiklidigi nygtalýar.
Orsýetiň oppozisiýasynyň liderleri ýurduň prezidenti Wladimir Putini "Pars aýlagynyň töweregindäki ýurtlaryň patyşalary ýa-da gurply oligarhlar ýaly" döwrany sürýänlikde aýyplap, hasabat ýaýratdylar.

Şol hasabat kinaýaly äheňde "Galeradaky guluň durmuşy" diýen sözbaşy bilen çap edildi. Bu Putiniň öz aýdanlaryndan sitata edilip alnan söz bolup, Putin bir gezek özüniň prezident hökmündäki durmuşyny şu sözler bilen häsiýetlendiripdi.

Galera diýip, gadymy döwürlerde kürek bilen sürülýän uly harby gämilere aýdylypdy.

Agzalýan hasabatyň awtorlary oppozision liderler we ”Raýdaşlyk” hereketiniň agzalary Boris Nemsow bilen Leonid Martynýukdyr. Olaryň bellemegine görä, Putiniň ýurda 12 ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk eden döwri, onuň lezzet alýan zatlarynyň sany ep-esli artypdyr.

Hasabata görä, prezident Putiniň 20-ä golaý ýaşaýyş jaýy, onlarça uçary we gymmatbaha maşynlary bar. Hasabatda nygtalyşy ýaly, Orsýetiň prezidentiniň baýlyklary gönüden-göni onuň wezipesi bilen ilteşikli.

Şol hasabat bilen bilelikde Putiniň köşkleriniň, uçarlarynyň, gämi-ýahtalarynyň we maşynlarynyň suratlary hem halk köpçüligine ýaýradyldy.

Nemsow sişenbe güni Moskwadaky konferensiýada eden çykyşynda döwletiň ähli emlägini bir adamyň eline bermekligiň "ahlaksyzlyk" hem "jenaýatdygyny” aýtdy.

Nemsow: "Men beýle baýlyklary bir adamyň ygtyýarlygyna bermeklik dogry diýen pikiri öňe sürýänler bilen ylalaşmaýaryn. Meniň pikirimçe, bu ahlaksyzlyk hem jenaýatçylyk bolup, beýle işler garyp bir ýurtda asla kabul ederliksizdir" diýdi.

Maglumata görä, Orsýetde prezidentiň rezidensiýasy diýlip resmi taýdan ykrar edilen 20 jaýyň dokuzsy Putiniň höküm sürýän döwründe, bu sanawa goşulypdyr. Ondan başga-da, rezidensiýalardan käbirleriniň, şol sanda Sankt-Peterburgyň golaýyndaky patyşa döwründen galan köşgüň durkuny täzelemek üçin onlarça million dollar sarp edilipdir.

1 milliard dollarlyk uçarlar

Hasabatda prezident Putiniň 43 uçarynyň, 15 dikuçarynyň, 4 gämi-ýahtasynyň we birgiden gymmatbaha maşynlarynyň bardygy-da aýdylýar. Maglumatlara görä, diňe uçarlaryň bahasy 1 milliard dollara golaýlaýar.

Şol bir wagtyň özünde-de Putiniň gymmatbaha goşar sagatlarynyň ýygyndysynyň bardygy aýdylýar. 11 sagatdan ybarat şol kolleksiýanyň bahasynyň 687 müň dollara barabardygy öňe sürülýär. Bu görkeziji “Putiniň bir ýyllyk aýlygyndan alty esse köpdügi” hem hasabatda nygtalýar.

Fotogalereýa: Putiniň zynatlary

Hasabatda Putiniň köpçüligiň öňünde gymmatbaha goşar sagatlaryny dakynyp çykan pursatlary eliniň ulaldylan suratlary hem çap edildi.

Nemsow bu urdumşalyga bidüzgünçiligiň alamaty diýip baha berýär.

Nemsow: “Onuň [Putiniň] ýyllyk aýlygynyň alty essesine deň bolan we umumy bahasy 22 million rubla [700 müň dollar] barabar goşar sagatlarynyň ählisi Putiniň hut öz şahsy emlägidir. Ýyllyk girdejisi 3.6 million rubl diýilýän Putiniň nädip goşar sagatlarynyň şeýle gymmatbaha kolleksiýasyna eýe bolandygy barada gürrüň edilende, bu esassyz sorag däl” diýdi.

Soňra ol sözüni dowam edip: “Biziň bu ýagdaýlar boýunça anyk bir pikirimiz bar. Biziň çakymyzça bu korrupsiýadyr. Eger-de ol 500 muň dollarlyk sagady sowgat hökmünde alyp, bu barada hiç hili maglumat bermedik bolsa, onda bu parahorluk bolýar. Ýa-da onuň aýdýan girdejileri hakykata bap gelmeýän bolmaly” diýip belledi.

Hasabaty çap eden neşiri tapmak kyn bolar

28-nji awgustda köpçülige ýetirilen hasabat boýunça Kreml entek resmi beýanat bilen çykyş etmedi.

Emma mundan öň, Orsýetiň "Kommersant" gazeti Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowa salgylanyp çap eden maglumatynda, rezidensiýalaryň, uçarlaryň we maşynlaryň ählisiniň hökümete degişlidigini we prezidentiň olardan kanuna laýyklykda peýdalanýandygyny habar beripdi.

Raýdaşlyk hereketiniň wekili Olga Şorina gürrüňi gidýän hasabatyň Orsýetde çap edilendigini aýtdy. Emma onuň bellemegine görä, hasabaty çap eden neşiri tapmak “juda kyn” bolup biler. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de maglumatlary ýaýratmaga hemaýat berendigi üçin, şol neşiriň resmiler tarapyndan her-dürli yzarlanmalara sezewar edilmegi mümkin.

Şorina hasabatyň 5 müň nusgasynyň çap edilendigini aýtdy. Guramaçylar onuň internetde has uly gerim bilen ýaýrajakdygyna umyt edýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG